Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde döwletiň ösüşine saldamly goşant goşan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak meselelerine garaldy. Bu mesele boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy watandaşlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurmak we olara hormatly atlary dakmak boýunça işleri guramaçylykly hem-de utgaşykly alyp barmagyň möhümdigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanan, jemgyýetde uly hormata eýe bolan raýatlaryň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmalydygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna dalaşgärleri hödürlemek işinde doly aç-açanlygy we adalatlylygy üpjün etmegi, şeýle hem bu işi resmileşdirmek boýunça ähli çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.