14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýa Respublikasynyň Milli baýramy – Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, işewür toparlaryň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow gatnaşdy.
Çykyş eden Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filip Merlen Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, bu taslamalaryň köpüsi 2025-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pariže amala aşyran resmi saparynyň hem-de Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda tanyşdyryldy.
Bilelikdäki başlangyçlar Türkmenistan üçin strategik ähmiýetli ugurlary, ýagny telekommunikasiýalary, milli howpsuzlygy, şähergurluşygy, energetikany, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagy, şeýle hem ekinlere gözegçilik etmek we ýer kadastryny kämilleşdirmek maksady bilen kosmos maglumatlaryny ulanmagy öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň giňelýändiginiň mysaly hökmünde Fransiýanyň CMA CGM ulag kompaniýasynyň Ýewropa — Aziýa ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny goldamak maksady bilen, Aşgabat Halkara howa menzilinde hyzmat ediş nokadyny açjakdygy bellenildi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem uly orun degişlidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ýakyn gatnaşyklar ösdürilýär. Fransuz institutynyň goldawy bilen 20 müňe golaý türkmen okuwçysy we talyby fransuz dilini üstünlikli öwrenýär. Şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Ýakyn wagtda Gawr-Normandiýa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, ylmy hyzmatdaşlyk hem üstünlikli ösdürilýär. Şol sanda MAFTUR bilelikdäki arheologik ekspedisiýasynyň Ulugdepe ýadygärligindäki barlaglary we KRAC assosiasiýasynyň Köýtendagda alyp barýan speleologik taslamalary dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow öz çykyşynda Hökümetiň adyndan fransuz hyzmatdaşlaryny milli baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol Fransiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak ugrunda köpýyllyk goşandyna ýokary baha berdi.
«Bouygues» gurluşyk konserniniň ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbiniň kemala gelmegindäki möhüm orny aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň taslanylmagy ýokary tehnologiýaly döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgasy hökmünde görkezildi.
Ministr geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda howa hereketini dolandyrmak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy, ýer kadastryny kämilleşdirmegi, öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we nebitgaz pudagynyň ekologiýa taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmagy görkezdi.
Türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäklerinde Hazarüsti ulag geçelgesini bilelikde ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde amatly geografik ýerleşişinden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Dabaranyň resmi bölegi dostlukly kabul edişlik bilen dowam etdi. Onuň dowamynda myhmanlar fransuz milli tagamlary bilen tanyşdylar, aýdym-saz maksatnamasyna tomaşa etdiler hem-de fransuz dilinde gürleýän myhmanlar bilen erkin ýagdaýda söhbetdeş boldular.