Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda geçiriljek «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Giň gerimli hünäre ugrukdyryjy bäsleşik institutyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýurdumyzyň taryhy, türkmen milli diplomatiýa mekdebiniň kemala gelişi we ösüşi, şeýle hem Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň strategiýasy hem-de dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary bilen çuňňur gyzyklanýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda üstünlikli geçirilýär.
Taslamanyň netijeliligini häzirki wagtda onuň zehinli gatnaşyjylarynyň onlarçasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary bilim alýandygy aýdyň subut edýär.
Akyl-paýhas bäsleşigiň VI möwsümi däp bolşy ýaly, 9-njy sentýabrda geçiriljek saýlama ýazmaça synagy bilen badalga alar. Guramaçylyk topary bu synaga ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10, 11 we 12-nji synplarynda okaýan ähli gyzyklanma bildirýän okuwçylary gatnaşmaga çagyrýar.
Synag orta mekdep maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanan 100 soragdan ybarat bolup, olar Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili we rus dili derslerini öz içine alýar. Mundan başga-da okuwçylaryň logiki pikirlenişini we seljeriş ukyplaryny bahalandyrmak maksady bilen, synaga logika hem-de IQ boýunça intellektual soraglar hem girizildi. Täze möwsümiň gatnaşyjylary saýlama synagyň netijeleri esasynda kesgitlener.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen şygar astynda geçiriler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärler 5-nji sentýabra çenli özleri baradaky maglumatlary parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler. Maglumatlar şu tertipde taýýarlanylmalydyr: şahsy maglumatlar, gazanylan üstünlikler, dil taýýarlygy we goşmaça gyzyklanmalary.
Hasaba alyş anketasyny doldurmagyň tertibi baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Şeýle-de bu saýtda bäsleşik bilen bagly ähli täzelikler we gatnaşyjylar üçin bildirişler yzygiderli çap ediler.