Ï Hytaýdaky «altyn» ýeňiş we Mongoliýadaky «bürünç» üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýdaky «altyn» ýeňiş we Mongoliýadaky «bürünç» üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi

view-icon 73
Hytaýdaky «altyn» ýeňiş we Mongoliýadaky «bürünç» üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi
camera-icon
HDF

Türkmenistanyň zenan dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa Halkara dzýudo federasiýasynyň iň abraýly iki ýaryşynda hem medal gazanyp, ajaýyp üstünlik görkezdi. Lebap welaýatynyň göreş mekdebiniň 21 ýaşly türgeni, ilki bilen, Mongoliýada geçirilen «Ulaanbaatar Grand Slam 2026» ýaryşynda bürünç medala eýe boldy, onuň yz ýanyndan bolsa Hytaýda guralan «Qingdao Grand Prix 2026» ýaryşynda ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medaly gazanmagy başardy.

Ulan-Batorda gazanylan bürünç medal

Baýrak gaznasy 154 müň ýewro bolan Mongoliýadaky «Grand Slam» ýaryşyna 58 ýurtdan 454 sany (253 erkek we 201 zenan) dünýäniň öňdebaryjy dzýudoçylary gatnaşdy. Olar 7 erkek we 7 zenan agram derejesinde jemi 14 medal toplumyny paýlaşdylar.

57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Maýsa Pardaýewa dünýäniň 17 ýurdundan gelen 29 güýçli türgeniň arasynda medal ugrunda göreşdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby ýaryşda dört ýeňiş gazandy.

Ilkinji duşuşygynda ol Gazagystanyň wekili Dana Abdirowany bary-ýogy iki minutda ýeňlişe sezewar etdi. Ýaryşyň has özüne çekiji wakalarynyň biri bolsa ikinji tutluşyk bolup, onda Maýsa 2024-nji ýylyň dünýä çempiony hem-de Pariž Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi, Koreýa Respublikasynyň wekili Ho Mi Miden «golden score» goşmaça wagtynda üstün çykdy.

Çärýek finalda türkmen türgeni 2022-nji ýylyň Ýewropa çempiony we Tokio Olimpiadasynyň toparlaýyn ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi Ysraýylyň wekili Timna Nelson Lewini bary-ýogy 51 sekuntda ýeňmegi başardy.

Ýarym finalda ol ýaryşyň geljekki ýeňijisi Ýaponiýanyň wekili Akari Omoriden asgyn geldi. Şeýle-de bolsa, üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda iki ýyl ozal Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen şuňa meňzeş ýaryşdaky ýeňlişi üçin Fransiýanyň üç gezek «Grand Slam» ýeňijisi Faýza Mokdardan üstün çykyp, bürünç medala mynasyp boldy.

Bu Maýsa Pardaýewanyň «Grand Slam» ýaryşlarynda gazanan ikinji bürünç medalydyr. Birinji «bürünç» üstünligi ol 2024-nji ýylda Türkiýede geçirilen «Antalya Grand Slam 2024» ýaryşynda gazanypdy.

Bürünç medal bilen birlikde, türkmen türgeni 1200 ýewro, onuň tälimçisi bolsa 300 ýewro möçberinde pul baýragyna eýe boldular. Bu agram derejesinde altyn medaly Akari Omori (Ýaponiýa), kümüş medaly Sara-Leoni Sizik (Fransiýa), ikinji bürünç medaly bolsa Seýa Ballhaus (Germaniýa) gazandy.

Sindaoda gazanylan «altyn» şöhrat

Baýrak gaznasy 98 müň ýewro bolan Sindaoda geçirilen Gran-pri ýaryşynda Maýsa Pardaýewa has-da täsirli netije görkezdi. Ýaryşa 57 döwletden 500 türgen (265 erkek we 235 zenan) gatnaşdy.

57 kilograma çenli agram derejesinde 23 ýurtdan 36 dzýudoçy medal ugrunda bäsleşdi. Maýsa kyn bolan alty duşuşygy üstünlikli tamamlap, garşydaşlarynyň hiç birine mümkinçilik galdyrmady.

Türkmen türgeni ýaryş ýoluny ynamly dowam etdirip:

– 1/32 finalda Hytaýyň iki gezek «Grand Slam» medalynyň eýesi Tao Ýuýini wagtyndan öň ýeňdi;

– 1/16 finaly Kosowodan Flaka Lokşany arassa ýeňiş bilen geçdi;

– 1/8 finalda 2025-nji ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Braziliýanyň wekili Şirlen Nasimentony «waza-ari» hasaby bilen ýeňdi;

– çärýek finalda Ispaniýanyň wekili Karla Ubasart Maskarony 1 minut 46 sekuntda «ippon» bilen ýeňdi.

Final tapgyry türkmen dzýudoçysynyň erjelliginiň we ýokary ussatlygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýarym finalda bäş gezek «Grand Slam» ýeňijisi, Ýaponiýanyň tejribeli türgeni Momo Tamaoka bilen, finalda bolsa Fransiýanyň wekili Marta Fawaz bilen geçirilen duşuşyklar uzaga çeken «golden score» goşmaça wagtyna çenli dowam etdi.

Güýçleriň deňleşen pursatynda hem Maýsa çempion häsiýetini görkezdi we iki duşuşykda-da «ippon» bilen ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Gran-pri ýaryşynyň çempiony bolmagy başardy.

«Şeýle derejeli ýaryşda ýeňiş gazanmak meniň iň uly arzuwlarymyň biridi. Ilkinji gezek Gran-pri ýaryşynyň altyn medalyny gazanandygyma buýsanýaryn. Bu üstünlik mende 2028-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda göreşi dowam etdirmek üçin uly ruhubelentlik döretdi. Esasy maksadym – XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmak» diýip, Maýsa Pardaýewa ýeňşinden soň aýtdy.

Altyn medal üçin türkmen türgeni 2400 ýewro, onuň tälimçisi bolsa 600 ýewro pul baýragyna eýe boldy. Kümüş medalynyň eýesi Marta Fawaz 1600 ýewro, bürünç medalynyň eýeleri Momo Tamaoka (Ýaponiýa) bilen Irina Zuýewa (Russiýa) bolsa hersi 800 ýewro aldylar.

Los-Anjeles – 2028 Olimpiadasyna ynamly ädim

«Ulaanbaatar Grand Slam 2026» we «Qingdao Grand Prix 2026» ýaryşlary 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna resmi saýlama tapgyrynyň ilkinji ýaryşlary boldy.

Maýsa Pardaýewa bu iki ýaryşdaky ajaýyp çykyşynyň netijesinde Halkara dzýudo federasiýasynyň Olimpiýa reýtingine birbada 1200 utuk goşdy. Şolaryň 500-si Mongoliýadaky «Grand Slam», 700-si bolsa Hytaýdaky Gran-pri ýaryşyndan gazanyldy.

Maýsa Pardaýewa 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Aziýanyň kuboklarynda gazanan ýeňişleri, Saraýewoda geçirilen Ýewropa kubogyndaky kümüş medaly hem-de Hanžou Aziýa oýunlarynda gazanan bürünç medaly bilen eýýäm halkara arenasynda özüni tanatmagy başarypdy.

2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda toplan tejribesi onuň ussatlygyny has-da kämilleşdirdi. Häzirki wagtda Maýsa Pardaýewa Türkmenistanyň 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmaga iň uly umyt bildirilýän türgenleriniň biridir.