2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni, şeýle-de Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurtda bolşy ýaly, ýurduň günbatar sebitinde-de uly özgerişler bolup geçýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, şol sanda çalt senagatlaşmagynda-da ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Ýaponiýa saparynyň çäginde ýokary derejede üstünlikli gepleşikler we duşuşyklar geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň gün tertibindäki meseleleriň biri-de dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy.
