Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Baýramaly» şypahanasynda küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri-2026 ýaryşynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Giň gerimli ýaryşa dürli ýaşdaky we sport taýýarlygynyň dürli derejelerindäki 212 türgen gatnaşdy. Olaryň 130-sy açyk toparda, 82-si bolsa zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşda çykyş etdi.
Gran-pri ýaryşynyň Mary welaýat tapgyry bu sebitde yzly-yzyna ikinji ýyl geçirilip, alty günläp dowam eden çekeleşikli oýunlar paýtagtymyzyň daşynda hem küşt sportunyň uly gyzyklanma döredýändigini ýene bir gezek görkezdi. Esasy we ýetginjekler toparlary bilen bir hatarda, uly ýaşly küştçüler hem tagtanyň başyna geçip, 50 ýaşdan ýokary we 60 ýaşdan ýokary toparlarda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdiler. Ähli duşuşyklar şweýsar ulgamy boýunça geçirilip, her bir oýun üçin 60 minut wagt we edilen her bir göçüm üçin goşmaça 30 sekunt berildi.
Açyk toparynyň esasy hasabynda öňdeligi eýelemek ugrunda gyzgalaňly bäsleşik ýaýbaňlandy. Ýaryşyň netijesinde sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, ýeňiji boldy. Şahruh Turaýew 7,5 utuk bilen kümüş medala mynasyp boldy. FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew bolsa 7 utuk bilen bürünç baýragyň eýesi boldy.
Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Mähri Agamyradowa mümkin bolan 9 utukdan 8,5 utuk toplap, ynamly ýeňiş gazandy. Jennet Ýalkanowa 7 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Şonça utuk toplan Ogulsuraý Baýrambaýewa goşmaça görkezijiler boýunça üçünji orna mynasyp boldy.
Ýaryşyň täsirli pursatlarynyň biri hem ýaş küştçi gyzlaryň ýedi ýaş topary boýunça görkezen çykyşlary boldy.
18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 6 utuk toplan Mährijemal Gurbangeldiýewa birinji orny eýeledi. Ol goşmaça görkezijiler boýunça 6 utuk toplan Gülmira Seýilhanowadan öňe saýlandy. 5,5 utuk bilen Ejegül Gurbanowa üçünji orny eýeledi.
16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda üç baýrakly ornuň eýeleri deň – 6 utukdan topladylar. Birinji orna Nurana Jumaniýazowa, ikinji orna Arzygül Muhamowa, üçünji orna bolsa Ejegyz Amanowa mynasyp boldy.
14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda baýrakly orunlary Nurana Söýünowa (6 utuk), Nurhan Babanazarowa (6 utuk) we Nebahat Muradowa (6,5 utuk) eýelediler.
12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Läle Wepaýewa 6 utuk bilen birinji orny eýeledi. Jumasoltan Muhammetberdiýewa 5,5 utuk bilen kümüş, Mähriban Ezizowa bolsa 5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy.
10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 6 utuk toplan Bägül Jumaýewa ýeňiji boldy. Mähriban Kakageldiýewa hem 6 utuk bilen ikinji, Anna Çaryýewa bolsa 5,5 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda baýrakly orunlar Näzli Kakageldiýewanyň (5 utuk), Merjen Hudaýnazarowanyň (5 utuk) we Laçyn Isaýewanyň (4,5 utuk) arasynda paýlaşyldy.
Iň kiçi, 6 ýaşa çenli toparyň arasynda Aýperi Batyrowa 5,5 utuk bilen birinji orny eýeledi. Bossan Jumaýewa 4 utuk bilen ikinji, Agata Awetisowa bolsa 3 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldy.
Ýetginjek oglanlaryň arasynda hem bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Begenç Öwezow 7 utuk bilen altyn medala mynasyp boldy. Isgenderşih Agalyýew 6,5 utuk bilen ikinji, Ilhan Çaryýew bolsa 6 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Ahmet Artykow 7 utuk bilen ýeňiji boldy. Jahan Rejepowa 6 utuk bilen kümüş, Alihan Gubataýew hem 6 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy.
14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alihan Batyrow 6,5 utuk bilen birinji orny eýeledi. Rauf Ýusupow hem 6,5 utuk toplap, ikinji orna mynasyp boldy. Täçmyrat Serdarow bolsa 6 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Nazar Narimanow 7 utuk bilen ýeňiji boldy. Ondan soňra Dilber Hupbyýewa we Ilşat Hemraýew 6 utuk bilen degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew 6,5 utuk bilen birinji orny eýeledi. Halilmuhammet Çaryýew 5,5 utuk bilen kümüş, Didar Hupbyýew bolsa 5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy.
8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Kerim Babaýew 5,5 utuk bilen ýeňiji boldy. Hangeldi Myradow hem 5,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Didar Berdimyradowyň hasabynda 5 utuk bolup, ol üçünji orna mynasyp boldy.
6 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Azymguly Ýagmyrow 5 utuk bilen ýeňiş gazandy. Muhammetali Atamyradow 3,5 utuk bilen ikinji, Emir Agageldiýew bolsa 3 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
Uly ýaşly tejribeli küştçüleriň arasynda gazanylan netijeler hem tomaşaçylaryň we ýaryşa gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
50 ýaşdan ýokary toparda Aýdogdy Atabaýew 7 utuk bilen ynamly ýeňiş gazandy. Öwezmyrat Kakabaýew 5,5 utuk bilen kümüş, Çary Bäşimow bolsa 5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy.
60 ýaşdan ýokary toparyň arasynda Şageldi Şalyýew 5,5 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Mämmedanna Halimow 5 utuk bilen ikinji, Çary Soltanow bolsa 4,5 utuk bilen üçünji orny eýeledi.