Ï Parahatçylyk ýörelgeleri we halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylyk ýörelgeleri we halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär

view-icon 86
Parahatçylyk ýörelgeleri we halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Groningen uniwersitetinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanowyň gatnaşmagynda talyplar bilen duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, milli medeni mirasy hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin söhbet edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda saýlap alan daşary syýasy ýolunyň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara giňişligindäki orny barada durlup geçildi. Ilçi bu ýörelgäniň diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, döwletleriň arasynda ynanyşmagy, özara hormat goýmagy we parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän işjeň diplomatik çemeleşmedigini nygtady.

Talyplaryň ünsüni çeken meseleleriň ýene biri Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine degişli boldy. Ulag-logistika, energetika, bilim we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen halkynyň baý medeni mirasyna hem aýratyn orun berildi. Milli halyçylyk sungaty, tamdyrda çörek bişirmek däbi, ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky gürrüňler daşary ýurtly talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýaýan halkara çäreleriň halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň tejribesine aýratyn üns çekildi. Bu çäre iki ýurduň arasynda täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, medeni mirasymyzy halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga möhüm goşant goşdy.

Duşuşyk interaktiw häsiýete eýe bolup, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen çykyş etdiler. Kiçi sorag-jogap bäsleşigi we türkmen milli süýjülikleriniň hödürlenmegi bolsa duşuşygyň ýakymly pursatlaryna öwrüldi.

Şeýle mazmunly duşuşyklar Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky abraýyny pugtalandyrmak, ýaş nesli ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasaty we baý medeniýeti bilen tanyşdyrmak, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.