Ï Medeniýetler we nesiller dialogy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýetler we nesiller dialogy

view-icon 6
Medeniýetler we nesiller dialogy

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, medeni gatnaşyklary berkitmäge, edebi mirasy gorap saklamaga we ýaş nesli ruhy gymmatlyklara ugrukdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäginde, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde meşhur türkmen şahyry we terjimeçisi Atajan Annaberdiýewiň gyzy Çemen Annaberdiýewa bilen duşuşyk geçirildi.

Bu çäre ene diline, şygryýete we belent edebiýata bolan söýgi bilen birleşen medeniýetleriň we nesilleriň hakyky söhbetdeşligine öwrüldi. Duşuşykda Atajan Annaberdiýewiň terjimeçilik işine, hususan-da onuň ajaýyp rus şahyry Nikolaý Rubsowyň goşgularyny terjime etmek boýunça alyp baran işlerine aýratyn üns berildi. Döredijiligiň bu ugry aýratyn gymmatlydyr: terjimeçiniň zähmeti netijesinde bir halkyň şygryýet dünýäsi beýleki bir halkyň wekillerine has ýakyn we düşnükli bolýar.

Nikolaý Rubsowyň şygryýeti ene topraga bolan söýgi, tebigaty inçeden duýmak, ynsan kalby we ata-baba gözbaşlary hakyndaky oýlanmalar bilen doludyr. Onuň goşgulary özboluşly sazlaşyklylygy, ruhy çuňlugy we ýürekden syzyp çykýan lirikasy bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisini başga bir diliň serişdeleri arkaly beýan etmek – diňe bir söze ussatlyk bilen erk etmegi däl, eýsem, awtoryň içki dünýäsine çuňňur düşünmegi hem talap edýän wezipedir.

Hut şonuň üçin hem Atajan Annaberdiýewiň terjimeçilik mirasy aýratyn gyzyklanma döredýär. Terjimeçi asyl nusganyň çeperçilik gözelligini saklamak we okyja başga bir milli dünýäni açyp görkezmek bilen, edebiýatlaryň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Şeýle edebi duşuşyklaryň netijesinde hakyky şygryýetiň dil we milli serhetleri tanamaýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Çemen Atajanownanyň çykyşy çärä aýratyn ähmiýet berdi. Onuň gürrüňi gatnaşyjylara eserleriň gözbaşyny alyp gaýdýan döredijilik gurşawyna aralaşmaga, şahyryň şahsyýeti, onuň edebiýata, ene diline we terjimeçilik sungatyna bolan garaýşy barada has köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik berdi. Çemen Atajanowna biziň güneşli ülkämiziň dosty, ruhy taýdan ýakyn bolan iki şahyr baradaky makalalaryň Russiýa Federasiýasynyň abraýly edebi neşirlerinde çap edilmegine ýardam beren rus şahyry we terjimeçisi Andreý Nowikowyň adyny hem agzap geçdi.

Okuwçylar we mugallymlar myhmanyň gürrüňini uly gyzyklanma bilen diňlediler, soraglar berdiler we öz täsirlerini paýlaşdylar. Bu duşuşyk ýaşlara terjimeçilik kärine täzeçe garamaga, dürli halklaryň edebiýatyny elýeterli edýän adamlaryň zähmetiniň nähili wajypdygyna düşünmäge kömek etdi.

Şeýle çäreler ruhy mirasa hormat goýmagy terbiýeleýär, okamaga gyzyklanma döredýär, estetiki taýdan gözýetimi ösdürýär we ýaş nesle medeni köpdürlüligiň gymmatyna düşünmäge ýardam berýär.

Çäräniň dowamynda Nikolaý Rubsowyň we Atajan Annaberdiýewiň suratlary görkezildi, şeýle hem şahyrlaryň özleriniň «Çemen» («Букет») we «Bagt diýlende näme?» atly goşgularyny okaýan ses ýazgysy diňlenildi. Okuwçylar bolsa Nikolaý Rubsowyň «Söwüt» («Ива»), «Garlawaç» («Ласточка»), «Sentýabr» («Сентябрь») goşgularyny we Atajan Annaberdiýewiň «Bagt göreşiň miwesi», «Çäge» atly eserlerini labyzly okadylar.

Medeniýetleriň dialogy başga halkyň sözüne, taryhyna we däp-dessurlaryna hormat goýmakdan başlanýar. Nesilleriň dialogy bolsa özünden soň ýakymly we ähmiýetli eserleri galdyran şahsyýetleriň mirasyna aýawly çemeleşmekden gözbaş alýar.

Çemen Atajanowna bilen geçirilen duşuşyk şygryýetiň ýürekleri birleşdirmäge ukyplydygyny, terjime sungatynyň bolsa halklary ýakynlaşdyrmagyň iň ajaýyp usullarynyň biridigini gatnaşyjylaryň ählisine ýene bir gezek ýatlatdy.