Ï Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe

view-icon 5
Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe
Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe
Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe
Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe

24-nji noýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu wekilçilikli duşuşyk ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy öwrenmäge, ylmy esasda gorap saklamaga we rejelemäge döwlet tarapyndan uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Taryhyň çuňlugyna uzaýan ýadygärliklerimiz halkymyzyň döredijilik ruhunyň, binagärlik medeniýetiniň we Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda kemala gelen baý tejribäniň janly şaýadydyr. Şonuň üçin olaryň asyl keşbini üýtgetmän geljek nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ugry boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işlere, ylmy barlaglaryň netijelerine hem-de amaly tejribelere aýratyn ähmiýet berildi. TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory Rahym Hojamyradow taryhymyzy goramak barada ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada çuňňur we manyly gürrüň berdi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň müdiri Meret Çaryýew Nejmeddin Kubranyň ýadygärligi barada çykyş edip, ýadygärligiň içindäki mazar daşynyň rejeleniş işleri barada giňişleýin durup geçdi. Ol öz çykyşynda 1937-nji ýylda belli alymlar Pilýawskiý bilen Pudaçenkowanyň şol mazar daşyny öwrenmäge gelendiklerini ýatlap, taryhy çeşmeleri we öňki ylmy gözlegleri nazarda tutmagyň rejeleýiş işlerindäki ähmiýetini görkezdi.

Ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynda halkara rejeleýiş ýörelgelerine we ylmy ölçeglere eýermegiň wajypdygy hem aýratyn bellenildi. Hususan-da, çykyşlarda Wenesiýa Hartiýasyndaky «Çaklama başlanýan ýerinde rejeleýiş gutarýar» diýen düzgün agzalyp geçildi. Bu ýörelge taryhy ýadygärliklere çemeleşmekde çaklamalardan we özbaşdak oýlap tapmalardan saklanyp, diňe anyk ylmy maglumatlara, taryhy delillere we asyl nusga hormat goýmak ýörelgesine daýanmagy talap edýär. Şeýle çemeleşme ýurdumyzyň rejeleýiş mekdebinde halkara tejribesiniň milli taryhy-medeni aýratynlyklar bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny görkezýär.

Maslahatda beýleki taryhy desgalary öwrenmek we dikeltmek bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar hem gatnaşyjylara ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik kafedrasynyň müdiri Ahmet Gulow öz çykyşynda binagärlik mirasyny gorap saklamagyň usulyýet meselelerine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bölüm müdiri, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty Maksat Amanow Daýahatyn kerwensaraýynyň dikeldiş işleri barada çykyş edip, gadymy kerwensaraýyň binagärlik çözgütlerini we dikeldiş aýratynlyklaryny açyp görkezdi. Şeýle-de taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew Abiwerd galasy barada gürrüň berip, bu gadymy merkeziň taryhy ähmiýetine we arheologik öwrenilişine aýratyn orun berdi.

Ylmy-amaly maslahata halypa alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň hem-de talyplaryň gatnaşmagy taryhy mirasymyzyň geljekki goragçylaryny taýýarlamak işiniň yzygiderli alnyp barylýandygyny tassyklady. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bagtygül Hojageldiýewa, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bölüm müdiriniň orunbasary Aýjan Şaýimowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Leýli Muhammedowa, şeýle hem şol institutyň uly mugallymy Maral Hojagulyýewa, institutyň talyby Jeýhun Durdyýew dagy çykyş edip, ýadygärlikleri öwrenmegiň, goramagyň we rejelemegiň dürli ugurlary boýunça pikirlerini paýlaşdylar.

Umuman, geçirilen ylmy-amaly maslahat taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ylmy esasda öwrenilmegine, halkara ölçeglere laýyklykda rejelenmegine we ýaş nesillerde milli mirasa buýsanç duýgusynyň terbiýelenmegine uly goşant goşdy. Taryhyň gymmatly sahypalaryny özünde jemleýän ýadygärliklerimiziň aýawly saklanylmagy halkymyzyň şöhratly geçmişiniň geljege baglanýan berk köprüsi bolup durýar.