Ï Öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar: «Türkmentel – 2026» we «ITTC – 2026» forumlaryna gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar: «Türkmentel – 2026» we «ITTC – 2026» forumlaryna gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi barada

view-icon 1
Öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar: «Türkmentel – 2026» we «ITTC – 2026» forumlaryna gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi barada

Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi (ITTC – 2026) ýurdumyzyň dünýä ykdysady we tehnologik giňişligine çalt depginler bilen goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu iri pudaklaýyn forumlar öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, innowasion işläp taýýarlamalary görkezmek, döwlet düzümleriniň, milli telekeçileriň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin abraýly meýdança öwrüldi.

Sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň aýratyn ünsüni sanlylaşdyrmak, telekommunikasiýalar, logistika we şähergurluşyk ulgamlaryndaky öňdebaryjy çözgütler özüne çekýär. Daşary ýurt maýadarlarynyň we tehnologik öňdebaryjylaryň türkmen bazaryna ýokary gyzyklanma bildirmegi amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitiň möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän amatly geosyýasy orny, şeýle hem bilelikdäki iri taslamalary we durmuş-ykdysady ösüş boýunça giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga bolan islegleri bilen şertlendirilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlary bilen «INFORM» kompaniýasynyň wekili, «Syrat» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy we bilelikdäki eýesi Aýdyn Hoşzabany paýlaşdy.

Telekeçiniň belleýşi ýaly, onuň wekilçilik edýän düzümlerini Türkmenistan bilen 18 ýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Ol häzirki wagtda durmuşa geçirilýän esasy taslamalaryň hatarynda ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap hassahanalaryň we saglyk öýleriniň gurluşygyna gatnaşmagy aýratyn nygtady.

Türkmen bazarynda işlemegiň artykmaçlyklary barada aýdylanda, A. Hoşzabany ýurdumyzyň senagat, söwda, ulag we üstaşyr ulgamlarynda ösüşiň ýokary depginlerini görkezýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, baý tebigy serişdeler amatly geografik ýerleşiş bilen utgaşyp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

«INFORM» kompaniýasynyň her ýyl gatnaşýan häzirki forumlaryna baha berip, telekeçi çäreleriň ýokary işjeňligini we netijeliligini nygtady. Bellenilişi ýaly, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleri bilen netijeli gepleşikler geçirildi. Geljekki meýilnamalar barada gürrüň berip, A. Hoşzabany 2027-nji ýylda kompaniýanyň öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmegi we olaryň hilini kämilleşdirmegi, şeýle hem ýurdumyz bilen uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelen ygtybarly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Serginiň ýokary tehnologik derejesi howpsuzlyk ulgamlaryny öndürýän «Hikvision» kompaniýasynyň resmi distribýutory bolan «Tehniki serişdeleriniň serwisi» kärhanasynyň diwarlygynda hem aýdyň beýanyny tapdy. Bu kärhana bilen hyzmatdaşlyk 2010-njy ýyldan bäri üstünlikli ösdürilýär. Kärhananyň direktory Sergeý Sarkisowyň habar bermegine görä, diwarlykda dürli maksatly desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenen döwrebap wideogözegçilik, girişi dolandyrmak, gorag we ýangyn duýduryş, şeýle hem sesli habar beriş ulgamlary görkezilýär.

Sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni serhetleri goramak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ýylylyk şekillendiriji kamera çekýär. Ol doly garaňky şertlerde ulag serişdeleri, adamlar we haýwanlar ýaly dürli desgalary 2 –3 kilometrden gowrak uzaklykda ýüze çykarmaga we tanamaga ukyplydyr. Tehniki häsiýetnamalaryna görä, bu görkeziji 10 kilometrden hem geçýär. Mundan başga-da, kompaniýa işewürlik we durmuş maksatly ulanyş üçin niýetlenen enjamlaryň giň görnüşini hödürleýär.

S. Sarkisowyň bellemegine görä, ýurdumyzyň ykdysady ösüş ugruna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan öňdebaryjy ylmy tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky wezipelerine eýerip, kompaniýa 2027-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Olaryň hatarynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry, durmuş maksatly infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, şeýle hem nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bar. Kärhananyň soňky ýyllarda «Türkmentel» sergisine yzygiderli gatnaşmagy döwlet düzümleri, milli senagatçylar we telekeçiler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, ýurdumyzyň möhüm desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

«Huawei» kompaniýasynyň kesgitli torlar boýunça önüm menejeri Aman Myradow köpýyllyk strategik hyzmatdaşlyk barada gürrüň berip, tehnologiýa ägirdiniň «Türkmentel» forumyna onuň ilkinji gezek geçirilen ýylyndan bäri gatnaşýandygyny belledi. Kompaniýanyň wekilhanasy Merkezi Aziýada işini işjeň giňelden döwründe, ýagny 2001-nji ýyldan bäri türkmen bazarynda hereket edýär. Bu iş Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýar.

Çärýek asyra golaý netijeli işiň dowamynda kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky aragatnaşyk operatorlarynyň ulgamynyň takmynan 70 göterimi «Huawei» kompaniýasynyň çözgütleriniň we enjamlarynyň esasynda işleýär. Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň hünärmenleri müşderilere gije-gündiziň dowamynda, hepdede ýedi gün tehniki goldaw berýärler.

«Huawei» kompaniýasynyň işinde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga we IT-bilimi ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. «Seeds for the Future» atly ählumumy bilim grant maksatnamasynyň çäklerinde kompaniýa ýokary okuw görkezijilerine eýe bolan zehinli talyplary saýlap alýar we olara öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek üçin Hytaýdaky okuw merkezlerinde bilim almaga mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, kompaniýa ýerli ICT akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde türkmen ýaşlary «Huawei» kompaniýasynyň innowasion çözgütlerini we enjamlaryny çuňňur öwrenip, önümçilik tejribesini geçip, halkara şahadatnamalaryna eýe bolup bilerler.