2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary P.Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi.

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary şöhratly geçmişimizi, milli däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň täsin gudratyny, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserlerini yzygiderli sahnalaşdyýar.

Türkmen Energiýa Forumyň (TEF) wekilleri 24-27-nji fewral aralygynda Londonda geçirilen “Platts London Energy Forum 2025” we “London Energy Week” atly halkara energetika forumlaryna işjeň gatnaşdylar.
