Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa instituty Türkmenistanda fransuz diliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadanyň netijelerini jemledi. Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurt dillerini öwrenmek ileri tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti ýakynda Bakuwda geçirilen Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy gowulandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlygynyň (CAREC) 2-nji geçelgesiniň ösüş strategiýasy boýunça tehniki maslahat mejlisine gatnaşdy.

4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran «Paris la nuit – Berlin im Licht» atly konserti boldy.
