Ï Türkmen wirusolog hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wirusolog hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar

view-icon 921
Türkmen wirusolog hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 25-nji martyndan    5-nji apreline çenli Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit bölüminiň (BSG / ÝSB) bilermenleri Türkmenistanda dümewiň we ýiti dem alyş ýokançlyklaryna wirus gözegçiligini güýçlendirmek üçin maslahat we tehniki kömek bermek maksady bilen biziň ýurdumyza geldiler.

Bu sapar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt bölümi tarapyndan ýola goýuldy.

BSGG / ÝSB-niň bilermeni Darýa Danilenko «Dümew wiruslarynyň bölünip çykmagynyň we antigenik häsiýetiniň aýratynlyklary» boýunça 10 günlük okuw geçirdi. Okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa gözleg barlaghanasynda geçirildi.

Okuwyň esasy maksady Milli dümew merkeziniň wirusologik seljerme we barlaghana amallary ýerine ýetirme babatynda hünärlerini ýokarlandyrmakdyr.

Bu okuw hem nazaryýet bölümini, hem-de amaly tabşyryklary öz içine alýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara tekliplerine laýyklykda, dümew wiruslarynyň bölünip çykmagyna we antigenik häsiýetini kesgitlemek usullaryna aýratyn üns berildi.