Her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň ahyrynda «Açyk gapylar» güni geçirilýär. Dalaşgärleri çekmek boýunça bu möwsüm ýokary okuw mekdepleri üçin hem, ýurtda geljekki hünärlerini saýlamak baradaky mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaşlar üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Şu günler ýurduň ýokary okuw mekdepleri öňümizdäki 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge höwes edýän ýaşlary kabul etmek üçin olary myhmansöýerlik bilen garşylaýarlar.
Ilkinjileriň biri bolup, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini yglan etdi. Ýokary okuw mekdebinde dalaşgärler bilen duşuşyk 15-16-njy aprelde sagat 15:00-da geçiriler. Institut orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, ýurduň önümçiliklerinde zähmet çekýän ýaşlary çärä gatnaşmaga çagyrýar.
Institutyň myhmanlary okuw işiniň guralyşy, ýokary okuw mekdep tarapyndan hödürlenilýän hünärler we hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary, institutyň gazanan üstünlikleri, şeýle hem öňdebaryjy enjamlar we ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilen döwrebap okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Geljekki dalaşgärler institutyň sport meýdançalaryna we talyplaryň oňaýly ýaşamak üçin hemme zerur şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp görerler. Bu ýere gelýänleriň öňünde ýokary okuw mekdebiň aýdym we tans toparlary çykyş ederler.
Institutyň salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk köç.), 73; telefon belgiler: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty barada doly maglumatlary ýokary okuw mekdebiň resmi saýtyndan hem alyp bolar.
14-nji we 19-njy aprelde sagat 14:00-dan 19:00-a çenli «Açyk gapylar» gününi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem guraýar.
Şu günler bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän ýaşlar fakultetleriň, kafedralaryň wekilleri bilen duşuşyp hem-de okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça hünär derejesinde maslahatlary alyp bilerler. Institut boýunça tanyşlygyň barşynda ýaşlara ýokary okuw mekdepde geçirilýän okuw, terbiýeçilik, usulyýet, medeni-köpçülikleýin işler barada, üstünlikli okamak üçin döredilen giň şertler, baý medeni maksatnamalar we sport bilen işjeň meşgullanmak baradaky giňişleýin maglumatlar berler.
Çäräniň myhmanlary islegleri boýunça fiziki taýýarlyk we sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek ýaryşlara gatnaşyp ýa-da olaryň tomaşaçylary bolup bilerler. Şol çäreler institutda «Açyk gapylar» güni mynasybetli ýurduň umumybilim berýän we sport mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiriler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40. Goşmaça maglumatlar 22-64-02, 22-65-47 telefon belgiler, tdbsi@sanly.tm elektron salgy, şeýle hem ýokary okuw mekdebiň resmi saýty boýunça elýeterlidir.