2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherindäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Wenadaky Ilçihanasy we Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň bellenip geçilmeginiň çäklerinde gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Ilçiler, BMG-niň Wenadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen hemişelik wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň agzalary, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle-de häzirki wagtda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly we awstriýaly talyplar gatnaşdy.
Dabaranyň barşynda Gündogaryň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän tanyşdyrylyş dabaranyň aýratyn ähmiýeti barada bellenip geçildi. 2024-nji ýylda 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşmak baradaky ÝUNESKO-nyň çözgüdine laýyklykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi dowam etdirilýän çärelerioň giň toplumynyň başlanandygy barada hem bellendi.
Çykyşlaryň dowamynda Magtymgulynyň mirasynyň mundan beýläk hem öwrenilmeginde we halkara derejesinde ykrar edilmeginde kitabyň ähmiýeti we gymmaty barada bellenip geçildi. Neşirde diňe Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan ylmy işleriň däl, eýsem halklaryň arasynda parahatçylyga, agzybirlige we birek-birege bolan sylag-hormata çagyrýan goşgularynyň ebedi paýhasynyň hem şöhlelendirilendigi hakynda nygtaldy.
Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň gözbaşynda Magtymgulynyň kitapda görkezilen ynsanperwer pikirleriniň durandygy barada aýratyn bellediler.
Tanyşdyrylyş Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy we Hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnalan ýörite stend bilen tamamlandy. Bu ýerde myhmanlar kitabyň üç dildäki - türkmen, rus we iňlis dillerindäki neşirleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.