Şu ýylyň aprel aýynyň 1-3-i aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Orta Aziýada serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy Aşgabatda ýurt daşyndan getirilýän harytlaryň fitosanitar we weterinar barlagy boýunça adaty tertibini düzmek boýunça tehniki kömek ýygnagyny geçirdi.
Bu çärä Türkmenistanda ýurt daşyndan getirilýän harytlara gözegçilik çärelerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we müdirlikleriň wekilleri gatnaşdy. Bu maslahat harytdyr ýükler bir ýerden başga ýere daşalanda, amala aşyrylýan fitosanitar we weterinar barlagynda häzirki zaman usullarynyň we gurallarynyň ulanylyşyna bagyşlandy.
ÝB-niň bilermenleri milli hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda gözegçiler üçin haryt barlanylanda, iş ýüzünde ulanylmaly umumy standart tertibini düzmegiň üstünde işlediler. Bu ýygnak Merkezi Aziýada Serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasynyň 3-nji bölüminiň çäginde, ýagny sebitde ykdysady birleşme işine mundan beýläk-de goldaw bermegi maksat edinýän «Serhetlerden geçýän kanuny söwda akymlaryna ýardam etmek» bölüminiň çäginde guraldy.