2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde guramagynda «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan medeni forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Ilçi Ýaponiýanyň Hökümetine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy we goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen hem tanyşdylar.