
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

- Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Halaç etraplarynda ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin idetmeklige guramaçylykly girişildi.

Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary ak ekinlere agrotehniki talaplar esasynda göwnejaý ideg edip, bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde syýahatçylyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan içerki we halkara syýahatçylary özüne çekmek üçin köp mümkinçiliklerden peýdalanýar.

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşde, ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.
