Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi

view-icon 1280

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde syýahatçylyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan içerki we halkara syýahatçylary özüne çekmek üçin köp mümkinçiliklerden peýdalanýar. Taryhy ýadygärlikler ýurdumyzyň özboluşly taryhy keşbini emele getirýär.

Gadymy Änew, Merw, Nusaý, Köneürgenç, Altyn depe, Namazga depe ýaly taryhy ýerleriň bir wagtlar gülläp ösen medeniýetiniň bolandygyna taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Has irki döwürlerden gözbaş alýan taryhy medeniýetleriň arabaglanyşygy we jemgyýetçilik ähmiýetine göz ýetirmäge esas berýär.

Türkmenistandaky taryhy ýadygärlikler diňe bir jahankeşdeleri özüne çekmek bilen çäklenmän, medeni şahsyýetiň, milli buýsanjyň kemala gelmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Syýahatçylar we jahankeşdeler bilen aragatnaşyk saklap, medeni alyş-çalyşygy ösdürýän we halklaryň arasyndaky düşünişmegi güýçlendirýän serişdä öwrülýär. Öz medeniýetiniň, taryhynyň asyl köklerini halklar içinde wagyz-nesihat etmek we ýaýratmak, umumadamzat jemgyýetine aralaşdyrmak bolsa esasy üns merkezinde durýar.

Ykdysady ösüş nukdaýnazaryndan medeni miras, syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösmegi üçin möhüm hereketlendiriji bolup hyzmat edýär. Taryhy ýadygärliklere syýahat etmek bilen birlikde myhmanhanalaryň, restoranlaryň we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösmegi, iş orunlaryny döredýär we ýurtda ykdysady ösüşi ösdürýär. Syýahatçylyk ýerli ýaşaýjylar we umuman döwlet üçin möhüm girdeýji çeşmesine öwrülýär. Bu bolsa, öz gezeginde ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Mundan başga-da, täsin taryhy ýädygärlikleriň bolmagy, dürli syýahatçylary özüne çekmäge kömek edýär. Dürli syýahatçylyk ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda jemgyýetiň medeni mirasyny gorap saklamak üçin maýa goýumlarynyň dowam etdirilmegi möhüm bolup durýar. Bu şertler esasynda Türkmenistan dünýäniň syýahatçylyk kartasynda özüne laýyk ýer almaga mümkinçilikden peýdalanyp biler.

Türkmenistanda geçirilýän festiwallar, sergiler, forumlar we ylmy-amaly maslahatlar ýaly medeni çäreler syýahatçylary özüne çekmekde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu işler ýola goýuldy we kämilleşdirildi.

Syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde ýerli ilatyň orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Däp-dessurlaryň ýerli halkyň durmuşynda giňden amal edilmegi, milli, özboluşly ýaşaýyş-durmuş kadalary oňyn netije berip bilýär. Myhmansöýerlik, däp-dessurlar we türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmak, dynç alyşlara gatnaşmak syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredip biler.

Taryhy ýadygärlikler, aramgähler, goraghanalar diňe bir ýurduň medeni keşbini baýlaşdyrman, eýsem möhüm ykdysady we durmuş çeşmesi hökmünde öwrenilýär. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda görnükli orny eýelemeginde ähli şertler we mümkinçilikler bar.