Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýarlar

view-icon 791
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýarlar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýändigi barada yglan etdi. 26-njy aprelde we 10-njy maýda 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024-2025-nji okuw ýylynyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, şeýle hem okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullugy geçýän, önümçiliklerde zähmet çekýän hem-de okuwa girmäge gyzyklanma bildirýän beýleki ýaşlary çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara hünärler we taýýarlygyň ugurlary, ýokary okuw mekdepde alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw, terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler, şeýle hem okamak, sport bilen meşgullanmak hem-de talyplaryň dynç almagy üçin onda döredilen şertler barada doly maglumatlar beriler.

Institutyň salgysy: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 800522-5-75-10, 800522-5-75-17.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty barada giňişleýin maglumatlary ýokary okuw mekdebiň resmi saýtyndan hem alyp bolar.

23-nji we 24-nji aprelde 15:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirer. Geljekki dalaşgärler bilen duşuşyklar Aşgabat şäherindäki uniwersitetde hem-de ýokary okuw mekdebiň Balkanabatdaky şahamçasynda geçiriler.

«Açyk gapylar» gününde myhmanlar fakultetleriň, kafedralaryň wekilleri bilen duşuşyp we okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça hünär derejeli maslahatlary alyp bilerler. Ýaşlar üçin ýokary okuw mekdep boýunça tanyşlyk gezelenji geçirilip, olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän giň okuw otaglaryna, amaly sapaklara niýetlenen iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalara, maglumat-tehnologik merkeze, şeýle hem sport meýdançalara we uniwersitetiň döwrebap umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp görerler.

Uniwersitetiň Aşgabat şäherindäki salgysy: Arçabil şaýolynyň 8-nji jaýy. Maglumatlary almak üçin telefon belgiler: 39-13-05, 39-13-18 we elektron salgysy: iuog@sanly.tm.

Ýokary okuw mekdebiň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň salgysy: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy. Telefon belgiler: 4-93-62, 2-19-98.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti baradaky maglumatlar ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda hem elýeterlidir.