Ï Möwsümleýin işler guramaçylykly alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möwsümleýin işler guramaçylykly alnyp barylýar

view-icon 1297

Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary ak ekinlere agrotehniki talaplar esasynda göwnejaý ideg edip, bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olar üstümizdäki ýylyň jogapkärli orak möwsüminde belent sepgitlere ýetip, bäsleşige ukyply, tebigy taýdan arassa önümleriň bolçulygyny döretmegi baş maksat edinýärler.

Şu günlerde hem Günbatar sebitiň alyslara ýaýylyp ýatan ekin meýdanlarynda geçen ýylyň güýzünde ekilen, wagtynda oňat gögeriş alnan bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu möhüm işler bu ýerdäki ekinlere ösüş suwuny tutmak, mineral we mikrodökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri bilen utgaşyp, üstünlikli amala aşyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiz tarapyndan satyn alnyp berlen kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk gurallary, şeýle-de önümçilige ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesini şertlendirýär.

Balkanly daýhanlar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatyň oba hojalykçylary 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar ýerden şu ýyl bereketli hasyl aljakdyklaryna pugta ynanýarlar. Munuň üçinem daýhanlar bahar paslynyň jana şypaly, häzirki hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýokary hasyl ýetişdirmegiň binýadyny häzirden mäkäm tutýarlar.

Derwaýys işler welaýatyň ähli etraplarynda hem göwnejaý ýola goýlupdyr. Ekin dolanyşygyndaky ýerleriň haşal otlardan arassaçylygyna-da aýratyn üns berilýär. Meýdanlarda deslapdan taýýarlanylan gerbosidler kadaly ulanylýar. Dökünleriň ýurdumyzda öndürilýändigi hem işleri takyk guramaga, wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Güýçli depginlerde dowam edýän häzirki möwsümleýin işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da gaýratlylyk görkezýärler. Olaryň ýadawsyz tagallalary netijesinde önümçilik birleşiginiň etraplardaky kärhanalarynyň ýörite derman pürküji tehnikalarydyr enjamlary netijeli işledilýär. Agrotehniki möhletlerde guralýan işler hem olaryň zähmetiniň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi, welaýatyň oba hojalyk toplumynyň işgärlerine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmaga mümkinçilik berer.