Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medallary ugrundaky bäsleşikde «Ahal» futbol topary möhüm ýeňiş gazanyp, 26-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy. Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagy «Gran-pri 2025» atly ýaryşyň 5-nji tapgyryny kabul edýär.
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» atly II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul etmegi dowam etdirýär.