Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň maksatnamasynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan düzülen teatr topary aýratyn ünsi çekýär. Topara Nikita Wysoskiniň okuw sapaklarynyň halypasy Denis Dawydow ýolbaşçylyk edýär. Denis Aleksandrowiç ýurdumyzda geçirilýän festiwallara eýýäm üçünji gezek gatnaşýar. Ýöne ilkinji iki saparynda ol «Salam, Siziň Wysoskiňiz!» we «Ýaýladaky hezillikler» sahna oýunlarda çykyş eden aktýor hökmünde gelipdi. Bu gezek bolsa ol özüniň režissýorlyk işini – «Leningrad günorta asmanyň astynda» atly sahna oýnuny görkezýär.

Iň täsin ýeri, Denis Dawydowyň ýolbaşçylyk edýän talyplar toparynyň düzüminde dört türkmen gyzy we dört türkmen ýigidi bar. Olar bilen bilelikde teatr sungatynyň inçe syrlaryny üç sany russiýaly talyp hem öwrenýär. Şeýlelikde, ajaýyp türkmen-rus okuw we döredijilik topary kemala gelipdir.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda görkezilen «Leningrad günorta asmanyň astynda» sahna oýnunda okuw sapaklarynyň ähli türkmen talyplary çykyş edýär. Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi Smolensk şäherinde bolup, ol tomaşaçylar tarapyndan örän gyzgyn garşylanypdyr.

«Leningrad günorta asmanyň astynda» atly sahna oýny umumy jebir-jepalar arkaly birleşen iki halkyň medeniýetiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, iň soňky zadyny hem paýlaşyp, biri-birine mümkin bolan ähli kömegi berşi barada gürrüň berýär.

Şahyr zenana Ýelena Serebrýakowa gabaw astyndaky Leningraddan Türkmenistana ewakuasiýa edilmegi başarypdyr. Oňa günorta tarap ugraýan, adamdan doly otlylardaky uzak ýol garaşýardy. Bu ýerlerde partlamalaryň sesi eşidilmeýärdi, pulemýotlaryň sesleri ýaňlanmaýardy, gara çöregiň kiçijik bir bölegine garaşyp, tapdan düşürýän hupbatlar hem ýokdy. Ýaş zenan ýany bilen könelişen, köp zady başdan geçiren çemodanyny getiripdir. Indi onuň bar baýlygy şol çemodanyň içindedi. Täze gelen ýerlerinde gören-eşiden, başdan geçiren ähli wakalaryny ol ýat depderçelerine belläp, soňra olary şol çemodanda saklaýardy. Munuň maksady başdan geçiren zatlarynyň hiç birini ýatdan çykarmazlyk, ähli wakalara täzeden göz ýetirmek we olary bütin dünýä gürrüň bermekdi.

Bütin sowet halky Ýeňşi baýram edenden soň, Ýelena Serebrýakowa Leningrada dolanmak üçin ýola düşende, täze tapynan wepaly dostlary bilen hoşlaşyp: «Men dolanyp gelerin!» diýipdir. Müňlerçe uruş ýyllary wakalarynyň biri bolan bu täsirli taryh «Men dolanyp gelerin!» atly aýdym bilen tamamlandy.
Festiwala gatnaşyjylar we aşgabatly teatr sungatynyň muşdaklary bu aýdymy aýak üstünde diňlediler. Aýdymyň çuňňur manysy olaryň kalbynda umumadamzat gymmatlyklaryna bolan çagyryş hökmünde ýaňlandy. Adamyň kalbynyň iň näzik tarlaryny kakmak – sahna oýnunyň baş maksady hut şoldy. Türkmen-rus talyplar döredijilik topary bu maksada ýetmegi başardy.
