Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ynsanperwer ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň güwäsidir.
Häzirki wagtda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýaşlary watansöýüjilik esasynda terbiýelemek, olaryň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly bolmaklary bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär.
...Merkezde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
“Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär” diýip, çykyş edenler nygtadylar hem-de munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Şunlukda, bagtyýar nesilleriň şatlykly pursatlarynyň joşguny belende göterildi.
Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Belent ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň hözirini görýän nesilleriň ýürek joşguny bolup ýaňlandy.
Häzirki döwürde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlaryň nurana geljeginiň berkarar edilýändigini görkezýär.
Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşan çagalar yzygiderli tagallalary bilen Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde derejesini pugtalandyrýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iberilen süýjülikleri dadyp hem-de ýörite sowgatlary kabul edip, özleri barada edilýän aladalara hoşallyklaryny joşgunly aýdym-sazlaryň, tanslaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.