Ï Türkmenistanly Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýäniň iki gezek çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýäniň iki gezek çempiony boldy

view-icon 100
Türkmenistanly Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýäniň iki gezek çempiony boldy
camera-icon
Halkara Sambo federasiýasy

Lebap welaýatyndan bolan 28 ýaşly türgen Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny ikinji gezek gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna Daşkentde geçirilen 50-nji ýubileý dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny goşdy. Ýaryşlar Özbegistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Game Sports Arena» sport toplumynda geçirildi.

Mundan ozal Daşkentde türkmen söweş sambosy mekdebiniň wekillerinden Sanjarbek Awazberdiýew 64 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeläpdi. 101 ýurtdan 508 türgeniň gatnaşan iri sport ýaryşynda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleriniň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy iki gezek ýaňlandy.

Muminjan Arzykulowyň 71 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň iň güýçli 27 türgeniniň arasynda altyn medala barýan ýoly bäş sany çekeleşikli tutluşykdan ybarat boldy.

Ilkinji tutluşykda bije ony esasy garşydaşlarynyň biri bolan 29 ýaşly russiýaly Rolan Zinnatow bilen duşuşdyrdy. Ol 2023-nji ýylyň Ýewropa çempiony, şeýle hem 2024-nji we 2026-njy ýyllaryň Dünýä kubogynyň iki gezek eýesidir. 2024-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda türkmen pälwany 5:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Iki ýyldan soň Daşkentde geçirilen duşuşykda hem Arzykulow garşydaşyndan üstün çykdy. Örän çekeleşikli geçen tutluşyk 1:0 hasabynda tamamlandy.

1/8 finalda Muminjan 2023-nji ýylda Serbiýada geçirilen Dünýä kubogynyň bürünç medalynyň eýesi, 33 ýaşly tunisli Omar Reguigini 4:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Çärýek finalda bolsa 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, 31 ýaşly niderlandly Dewid Wan Dorn bilen duşuşyp, 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym final janköýerlere täsirli ar alşygyň şaýady bolmaga mümkinçilik berdi. Bu tapgyrda Arzykulowyň garşydaşy 2025-nji ýylyň dünýä çempiony, gazagystanly 30 ýaşly Niýethan Toleuhan boldy. Geçen ýyl Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda Muminjan hut şu türgenden asgyn gelipdi. Bu gezek bolsa türkmen samboçysy garşydaşyna hiç hili mümkinçilik bermän, ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.

Altyn medal ugrunda geçirilen aýgytlaýjy tutluşykda Arzykulowyň garşydaşy 28 ýaşly ukrainaly türgen, 2024-nji ýylyň Ýewropa çempiony we şol ýylyň Dünýä kubogynyň eýesi Andreý Kuçerenko boldy. Olaryň 2024-nji ýylda Gazagystanda geçirilen dünýä çempionatyndaky öňki duşuşygy 4:4 hasabynda deňlik bilen tamamlanandy. Şonda eminleriň karary bilen ýeňiş türkmen türgenine berlipdi. Daşkentde bolsa Muminjan bu garşydaşlygy ynamly dowam etdirip, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy we dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Muminjan Arzykulow on ýyldan gowrak wagt bäri sambo bilen meşgullanýar. Ol ozal sport sambosyna ýöriteleşip, 2023-nji ýylda Gyrgyzystanda geçirilen Dünýä kubogynda bürünç medal gazanypdy. 2024-nji ýylda söweş sambosyna geçenden soň, dessine taryha girdi we bu başa-baş göreş görnüşi boýunça Türkmenistanyň ilkinji dünýä çempiony boldy. 2025-nji ýylda kümüş medal, 2026-njy ýylda bolsa ikinji altyn medal gazanmagy bilen, ol 2022-nji ýylda sport sambosy boýunça dünýä çempiony bolan Muhammet Kössekow tarapyndan binýady goýlan türkmen sambo mekdebiniň abraýyny has-da belende göterdi.

Muminjan Arzykulow sportdaky üstünliklerini mugallymçylyk işi bilen utgaşdyrýar. Ol Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesindäki 5-nji sport mekdebinde sambo boýunça tälimçi bolup işleýär.