Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline bardy. Bu ýerde Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy.
Diplomat Gahryman Arkadagymyzyň türk-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň taryhynyň, diliniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýandygyny aýdyp, onuň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini aýdyp, şu gezek keramatly ýerde — Türkiýede guralýan bu dünýä ähmiýetli çäräniň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynyň boljakdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Energetika, ulag, senagat, şähergurluşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär.
Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyrýan iş saparynyň buýsançly wakadygyny aýdyp, bu saparyň türk-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady. Şeýle-de ol Türkiýede Milli Liderimiziň taglymatlarynyň we başlangyçlarynyň hemişe goldanylýandygyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu ýerde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna, taryhyň, medeniýetiň, diliň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Ýokary derejedäki ynanyşykly we yzygiderli dialog netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda durnukly ösüş, “ýaşyl” özgertmeler ýörelgelerine umumy ygrarlylyk türkmen-türk dialogynyň aýratyn ugry bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz häzirki döwrüň ekologik meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin halkara giňişlikde tagallalaryny utgaşdyrýarlar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty dünýäniň ekologiýa arhitekturasyny kesgitleýän möhüm ählumumy mehanizm bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde bu forum döwlet Baştutanlaryny, bilermenleri, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýär. Geçirilýän her bir täze maslahat parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli strategiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmaga ýardam bermäge hem-de ösüp barýan ýurtlara maliýe we tehnologik kömegi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dünýä derejesindäki ekologik wehimleriň ýygy-ýygydan ýüze çykýan şertlerinde bu forumlaryň ähmiýeti barha artýar. Bu gün bu maslahatlar diňe bir tebigaty goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolman, eýsem, täze ählumumy ykdysadyýeti kemala getirmegiň strategik merkezine-de öwrüldi. Onuň meýdançalarynda kabul edilýän çözgütler tutuş dünýäniň energetika, azyk howpsuzlygyna hem-de ekoulgamlaryň durnuklylygyna öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa her bir gatnaşyjy döwletden syýasy erki, netijeli dialogy, tagallalary birleşdirmegi talap edýär.
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezmek bilen, “COP” maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Bu abraýly ählumumy meýdançalarda ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça anyk milli çäreler bilen berkidilen garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär. Türkmen tarapy Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ekologik meselelerine aýratyn ünsi çekýär. Çünki bu meseleler serhetüsti utgaşdyrylan tagallalary talap edýär.
Energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça teklipler Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän esasy başlangyçlarynyň hataryndadyr. Ýurdumyz BMG-niň ekologiýa boýunça esasy konwensiýalaryna goşulyp, Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek üçin milli derejede çäreleri durmuşa geçirýär.
Ekologiýa gün tertibi boýunça Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli, uzak möhletli we strategik häsiýete eýedir. Diýarymyzda BMG-niň düzüm birlikleriniň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, Garagum sährasynyň biodürlüligini, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak babatda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, ýurdumyza bu işde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.
Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki köpugurly işjeňligi döwletimiziň bitarap daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýada 30-dan gowrak Kararnama, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek, Bütindünýä durnukly ulag gününi döretmek, 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamalar, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. Bu döredijilikli syýasaty ilerletmäge türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn goşant goşýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň strategik garaýyşlary we şahsy başlangyçlary netijesinde ekologik abadançylygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän “COP31” maslahatyna gatnaşmagy hem Türkmenistanyň açyk dialog, parahatçylyk we ekologik jogapkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr.
...Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi. Bu ýerde Milli Liderimizi Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy esgerlere “Merhaba, asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.