Ï «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

view-icon 59
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady.

Öz gözbaşyny gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, sahna sungatynyň döwrebap usullaryny özleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün diňe bir ykdysady däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistan sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülip, öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, iri halkara medeni forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi hem halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny, medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly hem halklary has-da ýakynlaşdyrýar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berýär.

Festiwalyň jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde myhmanlar türkmen topragynyň berekedi, zähmetkeş daýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri, milli medeni mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar.

Günüň ikinji ýarymynda festiwalyň maksatnamasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» atly sahna oýny görkezildi. Ermeni edebiýatynyň nusgawy wekili Awetik Isahakýanyň meşhur poemasynyň esasynda taýýarlanan bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Onda X-XI asyrlarda ýaşap geçen meşhur arap akyldary we şahyry Abu Lala Maariniň keşbi, ynsanperwer garaýyşlary, ruhy gözlegleri, döredijilik dünýäsi öz beýanyny tapýar.

Soňra «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, sahna oýunlarynyň hilini ýokarlandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna gatnaşyjylar häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn orun berilýär. Çärä gatnaşyjylar medeni gatnaşyklary berkitmekde teatr sungatynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky beren goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu halkara çäräniň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, sungat arkaly ruhy ýakynlygy üpjün etmekdäki ornuny aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk medeniýetleriň baýlaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Dabaranyň iň möhüm pursatlarynyň biri hem halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesiniň kabul edilmegi boldy. Ýüzlenmede «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň halklaryň arasynda dost-doganlygyň barha dabaralanýandygyny, medeni dialogyň ilerledilýändigini aýdyň görkezýän çäredigi bellenilýär.

Ýapylyş dabarasynyň dowamynda festiwala gatnaşan teatrlaryň wekillerine ýadygärlik sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen teatr baýramçylygy medeni gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurtlaryň arasyndaky medeniýetara dialogyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.