Ï Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 1473
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Munuň özi içerki söwdanyň okgunly ösüşinde beýanyny tapdy. Onda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary ulanyldy.

10. Söwda we telekeçilik

Milli Liderimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda, söwda ulgamynyň işjeňleşmegi döwletimiziň maliýe durnuklylygynyň esaslaryny pugtalandyrýar, býujetiň döredilmegine saldamly goşant goşýar, önümçiligiň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär, çünki ol bazar ýagdaýynyň islendik özgerişlikleri, alyjylaryň hem-de önümleri buýrujylaryň islegleri bilen sazlaşýar. Ykdysadyýetiň ahyrky sarp edijä has ýakyn pudagy bolan söwda ulgamy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ösüşini, abadançylygyny hem-de ýurdumyzda önümçiligiň ösüşini seljermäge mümkinçilik berýär.

2011—2015-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň (JIÖ) ortaça ýyllyk ösüş depgininiň 110,5 göterime barabar bolandygyny mysal getirmek bolar. JIÖ-niň düzüminde senagatyň paýy bäş ýylyň dowamynda ortaça 46,6 göterime, söwdanyň paýy 7 göterimden gowraga, oba hojalygynyň paýy 8,7 göterime hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynyň paýy 6 göterime golaý boldy.

Ýurdumyzda söwda kärhanalarynyň sany ýylsaýyn artýar, munuň özi giňelýän ykdysady mümkinçilikler hem-de ilatyň islegleri bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň yzygiderli täzelenmegine, hiliniň ýokarlanmagyna täsir edýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň umumy ösüşinde haryt dolanyşygynyň möçberi esasy görkezijileriň biri bolup durýar. 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça söwdanyň bu ulgamynda jemi içerki önümiň görkezijisi 10,4 göterime barabar boldy. Bölek söwdanyň möçberi hem yzygiderli ösýär. Ol 42 milliard manada golaý boldy hem-de 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,2 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň döwlet haryt dolanyşygynyň umumy möçberi hereket edýän nyrhlarda durnukly artýar, şol bir wagtyň özünde döwlete dahylsyz ulgamyň paýy yzygiderli ýokarlanýar.

Şunda söwdanyň döwlet ulgamynda hem ep-esli ösüş gazanyldy—ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagy olaryň ýerlenýän möçberleriniň artmagyna ýardam etdi. 2015-nji ýylda çörek-bulka önümleriniň satylan möçberiniň 15 göterimden gowrak, et we et önümleriniň satylyşynyň 2,3 esse, dokma önümleriniň satylyşynyň 13,4 göterim artandygy bellärliklidir. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýerli çig maldan öndürilen derman serişdeleriniň satylyşynyň artmagynyň hasabyna derman serişdeleriniň ýerlenilişi ýokarlandy. Durmuşda ulanylýan elektrik enjamlarynyň satylyşy 13,3 esse artdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberi 2015-nji ýylda 2010-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, 1,5 essä golaý, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 1,2 esse, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 2,5 esse artdy.

Sarp ediş nyrhlarynyň derejesiniň durnukly saklanan ýagdaýynda zähmet haklarynyň hem-de kömek pullarynyň artmagy ilatyň girdejileriniň hem-de satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Munuň özi hyzmatlara bolan islegleriň artmagy görnüşinde çykdajylaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Şunda hyzmatlaryň görnüşleri hem giňelýär. Olaryň düzüminde innowasion häsiýetli hyzmatlaryň paýy uludyr. Soňky 5 ýylyň dowamynda ilata edilen tölegli hyzmatlaryň möçberi 2 esseden gowrak artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) boýunça söwda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüş depgini 123,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 127,5 göterime barabar boldy. Bu ýerde esasy ugur täze ulgamlaryň: gipermarketleriň, supermarketleriň, iri söwda-dynç alyş we hyzmatlar merkezleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi pudakda işewürligiň maýa goýum işjeňligine şaýatlyk edýär. 2014-nji ýylyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi şeýle desgalaryň biri boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna turuwbaşdan ýurdumyzda döredilýän häzirki zaman söwda pudagynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde aýratyn dereje berildi. Bu merkez Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 2011—2015-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2012-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda bina edildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bazarlary harytlar bilen doldurmaga hem-de Aşgabat şäheriniň ilatyny azyk we halkyň sarp edýän harytlary bilen doly üpjün etmäge ýardam berer.

Merkezi gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany, onuň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerini hasaba alanyňda, 17,5 gektardan ybaratdyr. Onda işewürlik merkeziniň 12 gatly binasy hem-de oňa birleşdirilen dört gatly söwda-dynç alyş merkezi, üsti telärli duralga ýerleşýär.

Söwda merkezinde 340-dan gowrak dükany bolan söwda ulgamy, restoranlaryň we kafeleriň onlarçasy, attraksionly uly oýun zolagy, buzly meýdança, bouling zaly, kinoteatrlar bar. Bu ýerde iri söwda merkezleriniň işini guramakda iň öňdebaryjy çözgütler hem-de döwrebap bezeg pikirleri öz beýanyny tapdy.

“Berkarar” merkezi häzirki wagtda söwda ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ulgamdaky ösüş döwletiň hem-de telekeçileriň özara ysnyşykly gatnaşyklarynda gazanylýar. Şunda döwletimiz amatly işewürlik ýagdaýyny döredýär hem-de telekeçilik başlangyjyny ýurdumyzyň önümçiligini höweslendirmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň öndürilýän möçberini artdyrmaga gönükdirýär. Şunda senagat pudaklarynyň, oba hojalygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylýar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň çäklerinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düzüminde, şeýle hem ýurdumyzyň obalarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem uly söwda merkezleri açylýar. Diňe 2015-nji ýylyň dowamynda paýtagtymyzda täze söwda merkezleriniň birnäçesi açyldy, olaryň hatarynda “Aşgabadyň ýalkymy”, “Bagtyýarlyk” söwda merkezleri hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Milli söwda merkezi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, pudakda kadalaşdyryş edaralaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de alyjylaryň hukuklarynyň goralmagyna we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek, raýatlaryň harytlaryň howpsuzlygyna we hiline bolan hukuklaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek içerki söwdanyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Türkmen telekeçileri ulgamlaýyn marketingi, elektron söwdany guramagyň täze usullaryny hem işjeň özleşdirýärler. Ýöne internet — täjirçilik ýaly ählumumy ulgam hem Gündogar bazary üçin mahsus bolan ýörelgeleriň ornuny tutup bilmeýär. Bu ýörelgeler asyrlaryň dowamynda sebitimiziň halklarynyň ýaşaýşynda durmuş-ykdysady taýdan möhüm orun eýeläpdir. Ýöne söwda meýdançasyny guramagyň usuly hökmünde Gündogar bazary hem özgertmeleri başdan geçirdi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda peýda bolan döwrebap düzümli uly köpugurly bazarlaryň täze keşbine eýe boldy.

Söwda ulgamynyň netijeli ösmeginde döwlet tarapyndan kömek berilmegi, şol sanda bäsdeşligiň zerur derejesini saklamak, telekeçilik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, içerki bazary daşarky ýaramaz ýagdaýlardan goramaga gönükdirilen oýlanyşykly strategiýany işläp taýýarlamak boýunça ýardam berilmegi aýratyn orun eýeleýär.

Ýurdumyz amatly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Aziýa sebitinde hem-de yklymda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzak geljek üçin niýetlenen iri halkara ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň aýratyn ähmiýetini nygtaýar.

Şu babatda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy, Oman — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan üstaşyr ugruny döretmegiň taslamasy we beýlekiler uly ähmiýete eýedir. Olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berer, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.

Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar mahalynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesi öň hatarda durýar. Taraplaryň özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga bolan meýli degişli resminamalara hem-de ähtnamalara gol çekilmegi bilen berkidilýär. Olar bolsa göni gatnaşyklary ösdürmek hem-de haryt dolanyşygyny giňeltmek, sebitiň ýurtlarynyň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin resminamalaýyn esasy döredýär.

Bu mümkinçilikler daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynda has anyk ara alnyp maslahatlaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde ýurtlarymyzyň işewürleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalara esaslanýan, senagat taýdan ösen pudaklarda bilelikde netijeli işlemegi uly ähmiýete eýedir.

Bu özara gatnaşyklarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Bu edaranyň esasy wezipesi durmuş ugurly milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, onuň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagyna, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýardam etmekden, işjeň başlangyçlary hem-de telekeçiligi höweslendirmekden ybaratdyr.

Daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda oňyn ösüşleriň üpjün edilýändigi äşgärdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda oňyn ösüşler, hususan-da, senagat önümleriniň öndürilişiniň artmagy, maýa goýumlarynyň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň, aýratyn hem onuň eksport böleginiň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň dürli eýeçilikdäki kärhanalarynyň we guramalarynyň köpşahaly ulgamyny utgaşdyrýan merkez bolmak bilen, halkara bazarda türkmen önüm öndürijileriniň hem-de senagatçylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda we çuňlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär, dürli forumlary, sergileri, duşuşyklary hem-de maslahatlary guraýar.

Onuň esasy wezipeleri häzirki zaman senagat, maliýe we söwda düzümini ösdürmäge gatnaşmakdan, ýurdumyza maýa goýum serişdelerini çekmekden, eksport kuwwatymyzy ýokarlandyrmakdan, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamakdan, Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekden, Diýarymyzyň önüm öndürijileriniň we hyzmatlary amala aşyrýan edaralarynyň abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr.

2015-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň baş şäheriniň edara ediş “guşagy” kemala gelýär. Şondan öň, 2015-nji ýylyň mart aýynda “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakyndaky” Kanun kabul edildi. Bu Kanunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň hukuk we ykdysady esaslary kesgitlenilýär.

Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, sergi zolagynyň onuň esasy bölegi bolup durýandygyny bellemelidiris. Türkmenistanda her ýyl ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň esasy ugurlary boýunça halkara sergileriň onlarçasy geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri üçin önümleriň täze nusgalaryny we täze hyzmatlary hödürlemek, işewür gatnaşyklary giňeltmek, bähbitli şertnamalary baglaşmak, geljekki maýadarlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Sergileriň çäklerinde halkara kongresler, maslahatlar we okuw maslahatlary geçirilýär. Olaryň maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň wajyp wezipeleri göz öňünde tutulýar.

2015-nji ýylda Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Uly ammarlaryň 10-synda ýurdumyzda öndürilen eksport ugurly önümler, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlar saklanar. Terminalyň dört sany açyk we iki sany ýapyk ammarlary pagta önümleri üçin niýetlenendir, ammarlaryň ikisinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri, şol sanda tikin we sütükli önümler, ýuwlan goýun, geçi, düýe ýüňleri we beýlekiler ýerleşdiriler. Ammarlaryň biri gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde sowadyjyly ammar hem guruldy.

2015-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy «GSI» Halkara guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama harytlaryň we hyzmatlaryň hilini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny kadalaşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistana çyzykly şertli belgi berildi. Ýurdumyzda öndürilýän harytlara berilýän şertli belgiler dünýäde 483 belgi bilen başlanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda çyzykly şertli belgileri bermek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlaryň 30 müňe golaýyna çyzykly şertli belgiler berildi.

Türkmenistanyň GSI halkara ulgamyna goşulmagy ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli agzasy hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary hilli türkmen harytlaryna islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, harytlara çyzykly şertli belgileriň berilmegi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek babatda daşarky bazarlaryň islegleriniň we mümkinçilikleriniň öwrenilmegini Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň edarasy “SK Tower” işewürlik merkezinde ýerleşýär. Wekilhana Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, tejribe we tehnologiýalary alyşmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Şol döwürde Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde “Türkmenistan” atly dükan ilkinji gezek müşderiler üçin gapylaryny açdy.

Daşary söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi Türkmenistana bazary ösdürmek we kemala getirmek boýunça umumy dünýä ýörelgelerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hünärmenlerini dünýä bazarynyň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmäge çagyryp, türkmen raýatlarynyň abadançylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy hem-de ägirt uly mümkinçilikli ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny pugtalandyrmagy ykdysadyýetimiziň esasy wezipeleri hökmünde kesgitleýär.

Ösen we ýokary netijeli söwda ulgamy önüm getirijilere we önüm öndürijilere hil babatda ýokary talaplary bildirip, sarp edijilere barýan önümleriň hiline gözegçilik edýän ulgama gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär we şeýlelikde, döwletiň ilatyň saglygynyň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna öz goşandyny goşýar.

Söwda ulgamy ilatyň iş bilen üpjünçiligine uly goşant goşup, ýurdumyz boýunça müňlerçe adamy iş orunlary bilen üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär, harytlaryň sarp ediş düzümine hem-de hiline täsir edýär, önümçilige täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Sekiz ýyl mundan ozal döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň 14 müňden gowragyny birleşdirýär. Bu guramanyň döredilen senesine gabatlanylyp her ýyl sergi geçirilýär. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösüşini şöhlelendirýän üstünlikleri, ägirt uly kuwwaty barada hasabat berýärler.

Gurluşyk we gurluşyk serişdelerini, halkyň sarp edýän harytlaryny hem-de uly isleg bildirilýän harytlary öndürmek, ulag, söwda we hyzmatlar ulgamy, logistika türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda möhüm orun eýeleýär. Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa, syýahatçylyk pudaklary ýaly möhüm ulgamlaryna işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy gurluşyk kärhanalaryna döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri buýurmalary ýerine ýetirmegi ynandy. Şol buýurmalar bolsa türkmen paýtagtyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşyklydyr. 2008-nji ýyldan — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen wagtyndan 2015-nji ýyla çenli bu birleşmäniň agzalary bolan kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi 463 esseden gowrak artdy!

Diňe Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalar 2015-nji ýylda desgalaryň 30-dan gowragyny, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, edara binalarynyň 12-sini, umumybilim berýän mekdepleriň 2-sini we çagalar baglarynyň 2-sini, saglyk öýüni, söwda-dynç alyş merkezini we köp gatly awtoduralgany ulanmaga berdiler.

TSTB-niň agzalarynyň geçen ýylda paýtagtymyzda guran desgalarynyň hatarynda “Bagtyýarlyk” sport toplumy we “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasy, “Arkadag” seýilgähi hem-de bäş ýyldyzly “Arçabil” myhmanhanasy, “Bagtyýarlyk” seýilgäh toplumy we beýlekiler bar.

Häzirki wagtda TSTB-niň agzalary Aşgabatda jemi 895 desganyň gurluşygyny alyp barýarlar. Olaryň 24-si paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde we 256-sy 15-nji tapgyryň çäklerinde gurulýar, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 74 desga, Çoganlyda 332 desga, Köşüde 63 desga, G.Kulyýew köçesiniň ugrunda 108 desga bina edilýär. Ankara köçesiniň ugrunda 4 desganyň, şol sanda 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-siniň, saglyk merkeziniň hem-de hyzmatlar öýüniň gurluşygy dowam edýär. Telekeçileriň desgalarynyň hatarynda söwda merkezleriniň 2-si (Magtymguly şaýolunyň we A.Nowaýy köçesiniň ugrunda), “MAZ” söwda we hyzmatlar merkezi, “Rysgal” bankynyň binasy, awtoduralgalaryň 29-sy we golf üçin meýdança bar. Bu desgalaryň esasy bölegi — 769 desga TSTB-niň buýurmasy boýunça gurulýar.

Ýurdumyzyň telekeçileri welaýatlarda hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň köp sanlysyny, şol sanda mekdepleri we çagalar baglaryny, muzeý binalaryny hem-de konsert zallaryny, medeniýet öýlerini we saglyk merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda täze obalarda ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurdular. Hususy kompaniýalar dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň 5-sini hem-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň birnäçesini gurdular.

TSTB-niň agzalarynyň guran desgalarynyň hatarynda suw arassalaýjy kärhanalar, ulag düzüminiň desgalary bar: 2015-nji ýylda Balkanabatda demir ýol menzili, Gyzylsuw şäherçesinde ýolagçy deňiz menzili ulanmaga berildi. Geçen ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hususy kompaniýa tarapyndan gurlan uçarmansyz uçarlar merkezi açyldy.

Telekeçiler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem gurluşyk işlerine işjeň gatnaşyp, bu ýerde myhmanhanalary we kottej şäherçelerini, attraksion seýilgähleri hem-de sport toplumlaryny gurýarlar. Hususy kompaniýalar tarapyndan Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň durky täzelenildi, “Abadanhaly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň halyçylyk kärhanasy guruldy we senagat ulgamynda beýleki köp sanly taslamalar amala aşyryldy.

Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işleýän kärhanalarynyň sany her ýyl artýar, ýagny 2011-nji ýylda olaryň sany 1 müň bolan bolsa, 2015-nji ýylda 2 müň 348-e ýetdi. Munuň özi olaryň öndürýän senagat önümleriniň hem-de senagat häsiýetli hyzmatlarynyň möçberiniň artmagyna hem-de olary ýerlemekden alnan girdejiniň möçberiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etdi. Girdeji görnüşinde toplanan maliýe serişdeleri bolsa hususy kärhanalara özleriniň serişdelerini hem-de karz serişdeleri has giňden çekmegiň hasabyna maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň döwlete dahylsyz ulgamynyň gurluşyk kompaniýalarynyň düýpli maýalaryna gönükdirilen maýa goýumlary 2011-nji ýylda 217,7 million manada barabar bolan bolsa, 2015-nji ýylda 559 million manada deň boldy, ýagny 2,5 esseden gowrak artdy.

Maýa goýumlary, esasan hem döwrebap enjamlary, täze gurluşyk tehnikalaryny almaga, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmäge gönükdirildi. Şunuň netijesinde ýurdumyzyň kärhanalarynyň gurluşyk işinde esasy serişdeleriniň hem-de maddy däl aktiwleriniň nyrh möçberleri artdy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylda gurluşykda döredilen täze iş orunlarynyň sanynyň artmagy 80 göterime golaý boldy. Bu gurluşyk kärhanalarynyň işgärleriniň ortaça zähmet haklary hem ýokarlanýar.

Türkmen telekeçileri gurluşyk işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmekde ýeterlik derejede tejribe topladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kompaniýalaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Gurluşyk hyzmatlarynyň eksporty diňe bir gurluşyk pudagy üçin däl, eýsem, tutuş milli ykdysadyýetimiz üçin hem haryt öndürýän ulgamy döretmegiň möhüm bölegi bolup biler. Türkmen kompaniýalary tarapyndan gurlan binalar we desgalar bolsa onuň mümkinçilikleriniň täsirli hem-de netijeli mahabaty bolup hyzmat eder.

TSTB-niň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Azyk önümlerini we dürli içgileri öndürmek telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň biri bolup durýar. 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, hususy kärhanalar tarapyndan 2014-nji ýylda öndürilen mineral suwlaryň we şireli içgileriň möçberi 4 essä golaý artdy. Bu önümleri öndürmegiň umumy möçberinde döwlete dahylsyz ulgamyň paýyna önümleriň 85 göterimine golaýy düşýär. 2010-njy ýylda bu görkeziji 66,2 göterime barabar bolupdy.



Döwlete dahylsyz kärhanalaryň öndürýän unaş önümleri 9 essä golaý artdy. Şu haryt bazarynda bäsdeşligiň uludygyny nazara almak bilen, şeýle okgunly ösüş telekeçileriň unaş önümleriniň alyjylaryň uly isleginden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Süýji-köke önümleriniň bazarynda hem ýiti bäsdeşlik dowam edýär, şoňa görä-de, telekeçiler üçin öz alyjylaryny tapmak hem-de şu bazarda mynasyp orun eýelemek ýönekeý wezipe däldir. Ýöne döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, telekeçilik babatda ugurtapyjylyk, netijeli marketing strategiýasy hususy ulgamda önümleriň şu görnüşiniň öndürilişiniň okgunly ösmegine ýardam etdi: 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2014-nji ýylda onuň öndürilişi 2 essä golaý artdy.

2015-nji ýylda azyk önümleriniň öndürilen möçberi şondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 16,3 göterim ýokarlandy. Azyk harytlaryny, şol sanda dürli miwe suwlaryny, içgilerini, gaplanan miwe önümlerini, balyklary, ýogurtlary, şöhlatlary, süýji-köke önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany ep-esli artdy. Täze ýyladyşhanalaryň, döwrebap ammarlaryň we sowadyjyly desgalaryň ulanmaga berilmegi ýylyň dowamynda ilaty ýokumly önümler bilen üpjün etmäge ýardam etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda etiň, ýumurtganyň, süýdüň, gök we bakja önümleriniň esasy bölegi hususy ulgamda öndürilýär. TSTB-niň buýurmasy boýunça Balkan welaýatynda balyk ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça iri önümçilik toplumy guruldy. Önümçiligiň ýyllyk kuwwaty 170 tonna kakadylan we beýleki balyk önümlerine, bekre görnüşli harytlyk balyklaryň 100 tonnasyna hem-de bekre işbiliniň 2 tonnasyna, gaplanan önümleriň 10 million birligine barabardyr.

2015-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, TSTB-niň agzalaryna maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň 37-sini gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi. Ähli welaýatlarda olar eýýäm ulanylmaga berlip başlandy. Döwlet tarapyndan telekeçilere ýeralma, gök önümleri hem-de ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek, welaýatlarda döwrebap oba hojalyk we senagat önümçiligini döretmek üçin-de ýer bölekleri bölünip berilýär. Munuň özi degişli önümleriň möçberinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen 2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda geçiren duşuşygynyň barşynda ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda azyk önümleriniň bahalaryny durnukly saklamak bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipesi bar.

Milli Liderimiz TSTB-niň agzalarynyň onlarça iri önümçilik kärhanalaryny döretmekde ýeten derejesi barada aýdyp, ýurdumyzyň iri “Guş toplumy” hususy kärhanasyny, «Hasar» süýji-köke önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Bereketli» et we şöhlat önümlerini öndürýän hojalyk jemgyýetini, «Aýbölek» mebel fabrigini, «Sahabatly» we «Ajaýyp ussat — halal önümleri» hojalyk jemgyýetleriniň maldarçylyk toplumlaryny, “Hazar balyk» we «Abadanhaly» kärhanalaryny, «Hilli alýumin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Kagyz önümçilik toplumyny, «Berkarar» we «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezlerini hem-de köp sanly beýlekileri önümçiligiň öňdebaryjylary hökmünde görkezdi.

Bu gün telekeçiler tarapyndan oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy öndürilýär. Şeýle hem olar söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatlaryň 90 göterimden gowragyny amala aşyrýarlar. Häzir ýurdumyzyň ilatynyň ete, şol sanda towuk etine, süýde, ýumurtga bolan islegleri hususy önüm öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri ilatymyzy gök-bakja we miwe önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň gurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerini uly buýsanç bilen belledi we olaryň durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly desgalary gurýandygyna ýokary baha berdi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da okgunly ösdürmek, telekeçilere goldaw bermek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň hem-de umumy bahasy ABŞ-nyň birnäçe milliard dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşyklarynda baş potratçy bolmak wezipesini ynanmak çözgüdine gelendigini habar berdi.

Şeýle hem 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümiň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl pudagynyň paýynyň 70 göterime ýetirilmelidigi nygtaldy.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň 40-a golaýyny gurmak boýunça maksatnama durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda gök önümleri hem-de gül nahallaryny, gyrymsy we beýleki agaçlaryň nahallaryny ýetişdirmek boýunça ýyladyşhanalar, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk fermalary, ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek hem-de mürepbeleri, toşaplary, miwe suwlaryny, süýji-köke önümlerini öndürýän fabrikler we beýlekiler bar.

Ýene-de 20 kärhana Türkmenistanda öndürilýän eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde gurlar. Hususan-da, munuň özi daşary ýurtlara iberilýän guş etiniň we ýumurtganyň, şireli içgileriň, balygyň, tomatyň we beýleki azyk harytlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, telekeçilere gök we bakja önümlerini, üzüm hem-de miweleriň beýleki görnüşlerini ýetişdirmek üçin 10,7 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu meýdanlary özleşdirmek hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça agrotehniki çäreler ylmy esasda alnyp barylýar.

Türkmen telekeçileri eýýäm öz önümlerini daşary ýurtlara iberýärler. “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümleri Owganystana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Hytaýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Yraga we Saud Arabystanyna iberilýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, deri çig malynyň ähli görnüşlerini, derini ilkinji gezek gaýtadan işlemekden alynýan göni hem-de güýz gyrkymyndan alnan ýüňi daşary ýurtlara bellenen tertipde ýerlemäge ygtyýar berildi. Häzirki wagtda deri çig maly Türkiýä, Pakistana, Russiýa we beýleki döwletlere iberilýär.

Türkmenistanda öndürilýän miwe suwlarynyň Owganystana, şireli içgileriň Pakistana, gök we bakja önümleriniň Gazagystana hem-de Russiýa eksport edilmegi ýola goýuldy. Önümleriň iberilýän çägini giňeltmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mahabat işiniň işjeňleşdirilmegi hem-de wekillerimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, ýarmarkalara yzygiderli gatnaşmagy muňa ýardam edýär.

Ýerli çig maldan önümleri öndürmek boýunça döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2015-nji ýylda senagat önümleriniň öndürilişi 22,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde kerpiç, demirbeton gurnawlaryny, gidroörtük serişdelerini, ýuwlan çäge, izogan, penopolistirol, keramzit, dürli boýaglary, elektrik kabelini hem-de şlanglary, aýmança daşlaryny, ýag we howa arassalaýjylaryny, akkumulýatorlary we beýleki önümleri öndürýän zawodlar üstünlikli işleýär. Ýurdumyzda mebel önümçiligi hem işjeň ösdürilýär.

Umuman, 2008–— 2015-nji ýyllarda hususy kärhanalar tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi 13,6 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 12,2 esse, umumy haryt dolanyşygynyň möçberi 25 esse, ýerine ýetirilen hyzmatlar 30,4 esse artdy. Şol döwürde döwlete dahylsyz ulgamyň kärhanalarynda döredilen iş orunlarynyň sany 29,5 esse artyp, 2015-nji ýylda 138,3 müňden gowrak iş ornuna barabar boldy.

2016-njy ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mebel toplumy — daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilik açyldy. Hususy ulgamyň iri kärhanalarynyň 20-ä golaýy bu toplumyň döredilmegine maliýe serişdelerini goýdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň mebel önümçiliginiň ösdürilmegi bu önüme bolan islegiň 60 göterimine golaýyny kanagatlandyrýar. Munuň özi bu önümlere bolan umumybazar nyrhlarynyň peselmegine ýardam edýär. Çaklanylyşy ýaly, toplumyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlylygyna çykmagy bilen, özümizde öndürilýän önümler daşary ýurtlardan getirilýän mebelleriň 90 göteriminiň ornuny tutar.

Bu önümçilik uly toplumy emele getirýär, şol ýerde ähli kärhanalar özbaşdak ýagdaýda işläp bilýärler, ýagny olar biri-birine bagly däldir. Şol kärhanalar ysnyşykly gatnaşyk edip, özleriniň bazarlaryndan hem-de maliýe mümkinçiliklerinden ugur alýarlar. Önüm öndürijileriň bir toparynyň ygtyýarynda mebelleriň belli görnüşini çykarýan sehler bar, beýlekilerinde bolsa, tutuş kombinatlar döredildi. Olar ýumşak mebelleri, dürli bezeg we timarlaýyş serişdelerini, elektrik yşyklandyryjylary öndürip bilýärler, beýlekileri bolsa harytlaryň başga bir görnüşleri boýunça işleýärler, mysal üçin, saglygy goraýşa degişli düşekleri öndürýärler.

Häzirki wagtda türkmen mebel öndürijileri diňe bir importyň ornuny tutýan harytlary öndürmek bilen çäklenmeýärler. Olar önümleriň eksportyny ýola goýmak üçin anyk ugurlary kesgitlediler. Olaryň hatarynda mekdepler we çagalar baglary üçin niýetlenen mebeller bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynda senagaty ösdürmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, Ak bugdaý etrabynyň çäginde senagat zolagynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat taýdan okgunly ösüşiniň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup durýar. Bu zolak üçin 262 gektar ýer bölünip berildi. Kuwwatly senagat binýadyny döretmek üçin berlen bu ýerler döwlete dahylsyz ulgamyň öndürýän harytlarynyň we edýän hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Şeýle giň möçberli taslamalaryň maýa goýum gymmatlygynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Eýýäm häzirki wagtda olara goýulýan maýa serişdeleriniň möçberi deslapky görkezijilerden birnäçe esse köpdür. Munuň özi uly peýdanyň gazanyljakdygyna şaýatlyk edýär. Şunda özüniň maliýe hem-de önümçilik serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň umumy maýa goýum serişdeleri 80 göterimden gowrakdyr.

Bu maýa goýumlarynyň ugurlary dürli-dürlüdir. Olar kerpiçler hem-de plastik turbalary, alýumin we agaç penjireleri, gapylary, gurluşyk serişdeleri hem-de binagärlik bezeg önümlerini, ýeňil we dokma senagatynyň önümlerini, hususan-da, plastiki gap-gaçlary hem-de zenan ýaglyklaryny we beýleki köp görnüşli önümleri öndürmäge gönükdirilýär. Umuman, olar 150-ä golaý kärhanadyr.

Senagat zolagynyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 5 müňüsi dörediler, häzirki wagtda onuň gurluşygynda dürli gurluşyk hünärindäki işçileriň, şol sanda ýöriteleşdirilen tehnikalaryň sürüjileriniň, gurluşykçylary iýmit bilen üpjün edýän aşpezleriň 2 müňden gowragy işleýär.

TSTB milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmäge çalşyp, döwrebap senagat düzüminiň häzirki ýagdaýyny we isleglerini, olaryň inžener-kommunikasiýa üpjünçiligini nazara almak üçin her bir meýilnamanyň üstünde içgin işleýär hem-de geljekki desgalaryň bezeg keşbine aýratyn üns berýär. Esasy kommunikasiýa ulgamlarynyň senagat zolaklaryna geçirilmeginiň döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna üpjün ediljekdigini bellemelidiris. Şeýle hem elektrik beketlerini gurmak hem býujetiň hasabyna amala aşyrylar, ýöne şunda hususy telekeçileriň güýjünden we kuwwatyndan peýdalanylar. Munuň özi ýurdumyz we jemgyýetimiz üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň usullaryny ornaşdyrmagyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Telekeçilik düzümleriniň güýji bilen daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan kärhanalaryň 54-si, şol sanda Ahal welaýatynda 17-si, Balkan welaýatynda 2-si, Daşoguz welaýatynda 7-si, Lebap welaýatynda 13-si we Mary welaýatynda 15-si gurlar. Maýa goýumlarynyň umumy möçberi 357,8 million manada barabardyr. Gury gurluşyk garyndylaryny we gazbeton bloklaryny, plastmas turbalary, geodokma önümlerini hem-de elektrotehniki enjamlary öndürýän we abatlaýan kärhanalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görýär.

Telekeçileriň gurjak eksport ugurly kärhanalarynyň hatarynda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýod öndürmek boýunça kuwwatlyk bar. Şeýle hem izolýasiýa maksatlarynda ulanmak üçin bazalt süýümini öndürmek boýunça zawod gurulýar. Taslamalaryň ählisi 2015—2018-nji ýyllarda durmuşa geçiriler we olar 1,5 müňe golaý iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň senagatçylary kafel plitasyny hem-de sanitar — faýans önümlerini öndürýän zawody gurýarlar. Zawodyň maýa goýum bahasy 80 million manatdan gowrakdyr we önüm çykarylyp başlanandan soň, zawod içerki bazary üpjün etmek bilen birlikde, harytlary daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik alar.

Häzirki wagtda hususy senagat ulgamynda 8 müňe golaý adam işleýär. Senagat desgalarynyň gurluşygynda işleýän işçiler muňa girmeýär. Zawodlaryň ählisi işe girizilenden soň bolsa, TSTB-niň senagat kärhanalarynyň işgärleriniň sany 15 müň adama çenli artar.

Şeýlelikde, telekeçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň we senagat kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň hem-de ulgamlarynyň öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin özleriniň barha artýan mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar. 2008 — 2015-nji ýyllarda ýurdumyzyň işewürleriniň 8 milliard 100 million manat maýa serişdelerini goýandygy hem muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sementiň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamak barada görkezme berip, bu meseleleri çözmäge telekeçileri çekmegi tabşyrmagy hem-de olara ýylda 100 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlaryň gurluşygyny ynanmagy senagat pudagyny ösdürmekde TSTB-niň agzalarynyň kuwwatynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

“Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2013—2016-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň” çäklerinde geçen ýyl desgalaryň we kärhanalaryň 36-sy hususylaşdyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjiligi netijesinde ýurdumyzyň içeri we daşary söwdasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy degişli düzümiň – ulag, maliýe, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki düzümleriň ösdürilmegini hem-de Diýarymyzyň däp bolan harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, ylmy talap edýän önümleriň önümçiliginiň giňeldilmegini, haryt alyşmak ulgamynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň söwda toplumy halk hojalygynyň köp pudaklaryna hem-de jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyna oňyn täsir edýär.