Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň üçünji möwsümi başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň üçünji möwsümi başlanýar

view-icon 6466

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we bu ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň geçirýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» intellektual taslamasy dowam edýär. Onuň guramaçylary 2023-2024-nji okuw ýylynda başlanjak Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary üçin hünäre gözükdirýän taslamanyň üçünji möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdiler.

Häzirki tapgyrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bu taslama gatnaşmaga höwesek dalaşgärleri saýlaýar. Türkmenistanyň mekdepleriniň bäsleşige gatnaşmak isleýän 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylary şu ýylyň 5-nji sentýabryna çenli guramaçylyk komitetiniň parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta salgysyna şahsy maglumatlaryny ibermeli.

Onda: 1. Şahsy maglumatlar (3x4 ölçegdäki suraty bilen); 2. Okuwda, döredijilikde, bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri; 3. Daşary ýurt dillerini bilişi; 4. Okuwa gyzyklanmasy, okuwdan daşary sapaklary, güýmenjesi we ş.m. maglumatlar görkezilmelidir.

Saýlama synagy sentýabryň ilkinji on günlüginde synag görnüşinde geçiriler. Mekdep okuwçylary üçin iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy we XVII-XVIII asyrlar dünýä taryhy, şeýle hem Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada 100 sowal taýýarlanyldy.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taslamanyň täze möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty - adamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» şygary bilen geçiriler.

Şundan ugur alnyp, bäsleşikde akyldar şahyryň ömri we edebi mirasy, onuň eserleri, şahyr hakda gürrüň berýän kitaplar hem-de filmler boýunça sowallar bolar.

Üçünji möwsüm sekiz saýlama tapgyr oýunlaryndan, ýarym final iki oýundan we finaldan ybarat bolar. Bäsleşigiň özboluşlylygyny göz öňünde tutup, her bir oýun belli bir taryhy döwürdäki türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy temasyndan geçiriler. Bäsdeşlik sowallary türkmen, şeýle hem daşary ýurt dillerinde bolar.

Saýlama tapgyryň geljekki sekiz oýnunyň temalary belli boldy. Olaryň arasynda: Döwletmämmet Azady we onuň ýaşan döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklary. (Merkezi Aziýa döwletleri, olaryň daşary syýasaty, Russiýa imperiýasynyň Merkezi Aziýa gyzyklanmasynyň artmagy. Hojanepes. A.B.Çerkasskiniň ekspedisiýalary); XVII asyryň ahyrynda - XVIII asyryň başynda Sefewi türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy; Owşar türkmen döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary hem-de beýleki temalar bar.

Üçünji möwsümiň geljekki oýunlarynyň temalarynyň doly sanawy we beýleki goşmaça maglumatlar bilen ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtyynda tanşyp bolar. Şeýle hem onda bäsleşige taýýarlyk görmek üçin guramaçylaryň maslahat berýän edebiýatynyň uly sanawy bar. Taslama gatnaşmak isleýän dalaşgärlere saýlama synagyň takyk senesi we ýeri barada institutyň saýtynda goşmaça habar berler.