Ï Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi

view-icon 2609

Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.

Wise-premýer, daşary işler ministri bu şanly waka bilen milli Liderimizi mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, ilkinji nobatda, ähli watandaşlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Çünki bu waka Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edilen hem-de 48 ýurduň döredijileri bolup çykyş eden bu Kararnama türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde 75-nji sessiýada möhüm halkara resminamalar kabul edildi hem-de anyk netijeler gazanyldy.

Ýagny 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň, 29-njy iýulda bolsa ýokarda agzalan halkara ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilendigini belledi. Bu resminama ulag ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ählumumy we sebit derejesinde berkitmek, bu ugurda derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak hem-de halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatda örän möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu Kararnamanyň häzirki wagtda bütin dünýä tarapyndan koronawirus pandemiýasyna garşy alnyp barylýan işe goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtyň özünde bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna uzak möhletleýin ählumumy halkara strategiýalary we maksatnamalary, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine geljekde-de Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bu babatda abraýly düzümler hem-de dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmegi we pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, watandaşlarymyzy hem-de dünýä bileleşigini Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz uly goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, hemmeleri Türkmenistanyň täze daşary syýasy ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.