Ï «Ýaşyl» ülňüleri öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça webinar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşyl» ülňüleri öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça webinar

view-icon 3915
«Ýaşyl» ülňüleri öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça webinar

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýurt boýunça bölümi BMG-niň DÖM-i bilen Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde «Awaza myhmanhanalarynda dowam edýän tejribe boýunça «ýaşyl» ülňüleri ulanmagyň häzirki ýagdaýyny öwrenmek» temasyndan webinar geçirdi. Bu çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň, müdirlikleriniň we ýokary okuw jaýlaryyň, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň häkimlikleriniň we Awaza etrabynyň wekilleri gatnaşdy.

Webinara gatnaşanlar «ýaşyl» gurluşygyň we şäher dolandyryşynyň halkara ülňüleri bilen tanyşdylar, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanhanalarynda, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyň myhmanhanalarynda energiýany, suwy netijeli ulanmaga we tygşytly dolandyrmaga mümkinçilik berýän milli «ýaşyl» standartlary işläp düzmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu webinar geljek ýylyň mart aýynda tamamlanjak «Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynda göz öňünde tutulan yzygiderli çäreleriň biridir. Ol türkmen paýtagtynda durnukly şäher ösüşine we Hazar deňzi ýakasyndaky okgunly ösüp barýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky syýahatçylyk infrastrukturasynyň durnuklylygyna ýardam etmäge we dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu taslama tehniki we strategik goldaw bermek bilen tygşytly sarp ediş hem galyndylary dolandyrmak babatynda özüňi alyp barşyňy üýtgetmäge kömek edýär, şeýle hem gazanylan oňyn netijeleri giňeltmek we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ulanmak üçin esas döredýär.