Ï Irki hasyl üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Irki hasyl üçin

view-icon 6214
Irki hasyl üçin

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan önümçilik ýerleri ep-esli artdy. Mysal üçin, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň diňe «Nowbahor» daýhan birleşiginde sogan ösdürilip ýetişdirilen bolsa, indi munuň üçin beýleki hojalyklara hem ekin ýerleri bölünip berildi. Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan ekilen ýerler müň gektar meýdany eýeleýär.

Ekiş üçin soganyň sebitiň topragyna we howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, gyş howasyna çydamlylygy we kesellere garşylygynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýan görnüşleri saýlandy. Ekini ösdürip ýetişdirmek boýunça toplanan tejribe bolsa güýzlük ekilen sogana häzir edilýän idegiň dogry bolmagyna goşant goşýar.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň öňünde ilatyň isleg bildirýän azyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça döwlet tarapyndan goýlan wezipelere laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary oba hojalygy pudagynyň girdejiligini ýokarlandyrmak, şol sanda ekin ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, ýer we suw gorlaryny tygşytly peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görýärler.

Soňky ýyllarda sebitde oba hojalyk ekinleriniň esasy görnüşlerini öndürmek boýunça hökümet buýurmalary üstünlikli ýerine ýetirilýär, ýylda iki gezek ýer alma, sogan we käşir hasyly alynýar, däne, kösükli, bakja ekinleriniň önümçiligi ösdürilýär, täze miweli we üzüm baglary ekilýär.