Ï Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky jemlerini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky jemlerini jemledi

view-icon 6415
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky jemlerini jemledi

Şu gün brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi. 

Duşuşyga ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary, halkara synçylar gatnaşdylar. 

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ýygnananlara bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada gürrüň berdi hem-de saýlaw çärelerine gatnaşanlaryň hemmesine hoşallyk bildirdi. Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlaryny beýan eden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Türkmen halky jebisligini we agzybirligini, pederlerimiziň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny görkezip, döwlet ösüşiniň ýolunda möhüm ädim ätdi. Döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde we uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçendigi nygtaldy. 

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ses bermäge saýlawçylaryň 97,17 göteriminiň gatnaşandygyny, munuň bolsa halkymyzyň ýokary raýat işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky käbir saýlaw uçastoklarynyň maglumatlaryny nazara almak bilen, sesleriň sanawy dowam edýär. Wagt tapawudy bolany üçin, şol ýerlerden maglumatlar biraz gijräk gelýär. 

Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.