Ï Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar

view-icon 7799
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Wekillikleriň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwlet durmuşynyň wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, üstünlikli, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler. Brifinglerde bellenilişi ýaly, bu saýlaw möwsümine halkara synçylaryň çagyrylmagy saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini görkezýär.

Wekillikleriň beren bahalary oňyn häsiýete eýe bolup, saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň hakyky ýagdaýyna gabat gelýär. Çykyş edenleriň pikiriçe, synçylaryň netijeleri milli saýlaw kanunçylygynyň seljerilmegine, gözegçiliklere hem-de wekillikleriň agzalarynyň ýurdumyzda bolan wagtynda toplanan maglumatlara esaslanýar. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklaryň dowamynda halkara düzümleriň wekilleri olaryň maksatnamalary bilen tanyşdylar. Bu maksatnamalar halkymyzyň abadan durmuşyny we ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Synçylar öz işlerinde syýasy bitaraplyk, içerki işlere goşulmazlyk, bolýan döwletiniň kanunlaryny berjaý etmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere, olaryň guramaçylyk işine hem-de saýlawlaryň barşyna baha bermekde dogruçyl bolmak ýörelgelerinden ugur aldylar. Hususan-da, demokratik saýlawlar babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän hem-de saýlawçylaryň erkin we açyk ses bermegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Prezident saýlawlaryna üç partiýadan hem-de raýatlaryň teklipçi toparlaryndan dalaşgärleriň gatnaşandygy barada aýratyn aýdyldy. Wekillikleriň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzda syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Şeýle hem Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, ähli derejelerdäki saýlaw toparlarynyň alyp baran işleri, saýlawlaryň hukuk we maglumat taýdan utgaşykly geçirilendigi bellenildi. Prezident saýlawlary Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň, Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär.

Wekillikleriň agzalary milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümde alyp baran işlerini bellediler. Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsüminiň ilkinji günlerinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň metbugat hem-de elektron neşirlerinde, milli telewideniýede ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgärleriň hödürlenilmegi, bellige alynmagy we saýlawçylar bilen duşuşyklary, Merkezi saýlaw toparynyň alyp baran guramaçylyk işi bilen bagly wakalar yzygiderli beýan edildi. Ähli dalaşgärleriň terjimehallarydyr saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň çap edilmegi saýlawçylara iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň zähmet ýollary hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekdäki konsepsiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginde, asuda we parahat ýagdaýda geçendigi nygtaldy. Saýlawlaryň deslapky netijeleri türkmen halkynyň parahatçylyk, durnuklylyk, Türkmenistany öňde goýlan belent maksatlara ýetirmek ugrunda okgunly hereket etmäge gönükdirilen ugur üçin ses berendigini tassyklaýar.

Synçylaryň belleýşi ýaly, şu saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Şunuň bilen birlikde, wekillikleriň agzalary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň Türkmenistanda demokratiýany mundan beýläk-de dabaralandyrmagyň ýolunda ädilen möhüm ädim bolandygyny bellediler.