mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 7538

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.A.Muhammedow hakynda

Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

S.Toýlyýew hakynda

Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

M.M.Mämmedowa hakynda

Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

Ş.Abdrahmanow hakynda

Şahym Abdrahmanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

E.Orazgeldiýew hakynda

Esenmyrat Orazgeldiýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

Ç.H.Purçekow hakynda

Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

Ç.B.Gylyjow hakynda

Çary Baýramowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * * 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

R.Ö.Meredow hakynda

Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipelerine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * * 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

Ç.K.Amanow hakynda

Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 

M.B.Çakyýew hakynda

Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji marty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary degişli toparlaryň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy.

***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň degişli wekiliýet agzalaryna 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.