I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 147-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 79-njy maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we şu mazmunly bölegi goşmaly:
«2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
2) 214-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy —
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy —
binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy —
binýatlyk mukdaryň ýedisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
3) 215-nji maddanyň sanksiýasynda «dördüsi» diýen sözi «ýedisi» diýen söze çalşyrmaly;
4) 231-nji maddada:
birinji bölegiň sanksiýasynda «0,2» diýen sany «0,4» diýen sana çalşyrmaly;
birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
ikinji we üçünji bölekleri degişlilikde üçünji we dördünji bölekler diýip hasap etmeli;
5) 2321-nji maddanyň mazmunynda «214-nji maddasynyň üçünji böleginde» we «243-nji maddasynyň üçünji böleginde» diýen sözleri degişlilikde «214-nji maddasynyň ikinji böleginde» we «243-nji maddasynyň ikinji böleginde» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 243-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy, şol sanda ýol örtüginiň hapalanmagy, şeýle hem dürli gurluşlaryň gurulmagy, agaçlaryň ekilmegi ýa-da olaryň öz wagtynda çapylmazlygy netijesinde ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdelerine gözýetimiň çäklendirilmegi, eger bu ýol hereketi üçin päsgelçilik ýa-da howp döredýän bolsa —
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesiniň gödek dolandyrylmagy —
binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalar, eger-de bu jebir çekeniň saglygyna ýeňil şikes ýetirilmegine, ulag serişdeleriniň, ýükleriň ýa-da başga bir emlägiň zaýalanmagyna getiren bolsa —
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň onusy möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
7) 2431-nji maddadan soň şu mazmunly maddalary goşmaly:
«2432-nji madda. Awtomobil ýollarynyň abadanlaşdyrylyş düzüm böleklerini ýerleşdirmek we abat saklamak boýunça kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagy
1. Ýol belgilerini ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki belliklerini, ýol germewlerini, yşyklandyryjylary we ýol hereketini düzgünleşdirýän başga gurluşlary, dynç alyş ýerlerini, duralga nokatlaryny, pyýada ýodalary, ýanýodalary, awtomobil ýoluny yşyklandyrmak üçin niýetlenilen obýektleri, göz aýlaýyş meýdançalaryny, awtoulag serişdeleriniň agram we gabara gözegçilik nokatlaryny, töleg alynýan nokatlary, awtoulag serişdeleriniň duralgalaryny, şeýle hem gatnaw böleginiň çyzgytlaryny ýerleşdirmek, abat saklamak we çyzmak boýunça kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagy —
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2433-nji madda. Ýollarda işleriň önümçiligine, ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň gurluş böleklerine bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmezligi
1. Ýollarda işleriň önümçiligine, ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň gurluş böleklerine bildirilýän talaplaryň, ýol hereketi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen beýleki talaplaryň ýerine ýetirilmezligi —
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler jebir çekeniň saglygyna ýeňil şikes ýetirilmegi, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, ýollaryň we beýleki ýol desgalarynyň ýa-da başga bir emlägiň zaýalanmagy bilen ýol-ulag hadysasynyň döremegine getiren bolsa —
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň onusy möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
8) 358-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. On alty ýaşa ýetmedik ýetginjek pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy —
ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
9) 445-nji maddanyň ikinji böleginde «212-nji maddasynyň üçünji böleginde,» diýen sözlerden soň «214-nji maddasynyň bäşinji böleginde,» diýen sözleri goşmaly we «231-nji maddasynyň üçünji böleginde» diýen sözleri «231-nji maddasynyň dördünji böleginde» diýen sözlere çalşyrmaly;
10) 448-nji maddanyň birinji böleginde «214 — 216-njy», «231-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde», «240 — 2431-nji» we «358-nji maddasynyň üçünji böleginde» diýen sözleri degişlilikde «214-nji maddasynyň birinji, ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde, 2141 — 216-njy», «231-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde», «240 — 2433-nji» we «358-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;
11) 530-njy maddanyň bäşinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Eger-de administratiw hukuk bozulma awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideoýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň ýa-da foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan bolsa, administratiw temmisini bermek barada kararyň bellenen tertipde gowşurylan pursadyndan administratiw önümçilik başlanan hasap edilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.