Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

view-icon 3679

Hormatly alymlar, 

ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Halkara ylmy maslahata gatnaşýan 

gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan dabaralaryň ähli zehinlerini ylmyň ösmegine bagyş edýän alymlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine, halkara ylmy maslahatyň bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, ylmyň gazananlary boýunça tejribe alyşmak babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna pugta ynanýaryn.

Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tejribeçilik, ylmy-önümçilik institutlarynda, ylmy merkezlerde döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredildi.

 Milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipelerden ugur alyp, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy-barlaglar, bilelikdäki halkara ylmy taslamalar ýerine ýetirilip, ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň güýçlendirilmegi we senagatlaşdyrylmagy üçin köp işler amala aşyryldy. Ylym, bilim, innowasion tehnologiýalar babatda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzyň dünýäniň ylym we bilim giňişligindäki orny pugtalandyryldy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen, möhüm wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynda dünýä ylmynyň gazananlarynyň we tejribesiniň giňden peýdalanylmagyna, düýpli, tejribe ähmiýetli ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýäris.

Hormatly alymlar, 

ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Häzirki döwürde döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglary alyp barmak alymlaryň öňünde durýan esasy wezipedir. Şoňa görä-de, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek, ösümlikleri we mallary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýäris.

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda dünýä tejribesini öwrenmek esasynda Gün, ýel, şol sanda geljegiň ýangyjy bolan wodorod energiýalarynyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli ädimlerdir.

Ylmy-tehnologik ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, binagärligiň innowasion çözgütleri, «akylly» tehnologiýalar şäherlerimiziň we obalarymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döredýär. Keremli topragymyzyň mineral suwlary, bejeriş palçyklary, dermanlyk ösümliklerimizden taýýarlanylýan ýokary hilli derman serişdeleri ynsan saglygyny berkitmäge we immun goragyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmen halkynyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, Türkmenistanyň umumadamzat taryhyndaky we medeniýetindäki ornuny kesgitlemek hem-de ykrar etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar.

Hormatly alymlar, 

ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Halkara ylmy maslahata gatnaşýan 

eziz myhmanlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de abadançylyk, ylmy we döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.