Ï Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär

view-icon 51141
Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär

Her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniiň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýlip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär.

Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar geçirilýär.

Okuw jaýlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri we olaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlar barada gürrüňdeşlikler geçirilýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň maý aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky» we Türkmenistanyň «Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär.

Kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň we sürüjileriň Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakda ybaratdyr.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli ýol-ulag infrastrukturasyny gurmak boýunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinide Içeri işler ministri M. Hydyrow döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýurdumyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz içeri işler ministri M. Hydyrowa göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.