Ï Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýyly önümleriň çykarylyşyny özleşdirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýyly önümleriň çykarylyşyny özleşdirdiler

view-icon 6732
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýyly önümleriň çykarylyşyny özleşdirdiler

Howanyň sowamagy bilen adamlaryň köpüsi gyş eşikleri satylýan dükana barýarlar we diňe bir ýyly hem däl-de, eýsem owadan, gelişikli eşik almaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň önümleri owadan we gowy eşiklere islegleri kanagatlandyryp bilýär. Tikinçiler uly ýaşlylar hem-de çagalar üçin ýyly eşikleriň dürli görnüşlerini işläp taýýarladylar we öndürdiler. «Ahal» tikinçilik birleşiginde, Gypjak we Kaka dokma toplumlarynda flanel, sinteponda garyşyk matalardan ýyly geýimleri öndürmegi ýola goýuldy.

S.Türkmenbaşy adyndaky dokma fabriginde flanel matadan erkekler, zenanlar we çagalar üçin eşikleriň dürli görnüşleri tikilýär. Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) tikin fabriginde drapdan gyzjagazlar üçin çagalar paltosy we beýleki eşikler tikilip başlandy. Daşoguz welaýatynyň «Çeper» tikinçilik fabriginde ýyly çagalar eşikler toplumy, erkekler üçin ýeňsizler taýýarlanylýar.

Geçen ýyl Kaka etrabynda açylan täze dokma toplumynda sinteponda kurtkalardyr ýeňsizler, S.A. Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynda erkekler, zenanlar we çagalar üçin ýyly joraplar öndürilýär. Döwrebap ýyly önüm – şerstipon önümçiligi ýola goýuldy, ondan ýyly ýorgançalar tikilýär.

Bu önümleri ýurdumyzyň ilaty we myhmanlary şäheriň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryň ählisiniň söwda nokatlaryndan elýeter bahadan alyp bilerler.