Bagbançylyk we üzümçilik Daşoguz welaýatynda barha giň gerim alýar. Käbir ýerli bagbanlary bu iş ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň howa şertlerine kän bir mahsus däl miweli agaçlaryň görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek hem gyzyklandyrýar. Şunuň ýaly höwesek bagbanlaryň biri-de otuz ýyl töweregi bäri söýgüli käri bilen meşgullanýan Baýram Hojaýewdir. Ol Görogly etrabynyň Aksaraý daýhan birleşiginde özunuň dört gektar kärende ýerini gülläp duran baga öwürdi. Indi ol ýerde köp sanly miweli agaçlardyr üzüm görnüşleri ösýär. Geň ýeri, ol şu toprakda ýurdumyzyň beýleki sebitleri üçin has mahsus bolan hoz daragtyny-da ösdürip ýetişdirmegi başarypdyr. Kärendeçiniň aýtmagyna görä, munuň üçin ol gaty köp zähmet çekmeli bolupdyr, sebäbi özi üçin adaty bolan tebigy şertlerde-de bu daragt giç miwe berip başlaýar. Ol bu ýerden ýerhozyndan-da gowy hasyl alypdyr.
– Ýylylygy söýýän ekinlere ideg etmegiň düzgünlerini üns bilen öwrendim, maksada etmek üçin özüňi gaýgyrman tagalla etmek galýar, şonda howa şertlerine garamazdan, bu erde köp miwe we gök önümleri ösdürip ýetişdirmek bolýar - diýip, kärendeçi gürrüň berýär.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň miweli baglary müňlerçe gektar hasylly ýeri eýeleýär. Sebitiň ähli etraplarynda miweli agaçlaryň sany ýylsaýyn artýar. Sebitde bagbançylygyň we üzümçiligiň dowamly ösmegine döwletiň oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döreden amatly ykdysady şertleri, şol sanda miweleri, gök önümleri we köp ýyllyk agaçlary ösdürmekde, ýörite oba hojalyk gaznasyndan uzak möhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölünip berilmegi-de ýardam edýär. Bu bolsa sebitiň ilatynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümleri bilen durnukly üpjün edilmegine goşant goşýar we daşky gurşawa peýdaly täsir edýär.