Ï Bişkekde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy adamlarynyň forumy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bişkekde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intellegensiýasynyň forumy başlandy

view-icon 4640
Bişkekde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intellegensiýasynyň forumy başlandy

12-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda «Medeniýetleriň hyzmatdaşlygy arkaly arkalaşyga we parahatlyga» mowzugynda GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intellegensiýasynyň XVI forumy başlandy.

Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň goldawy bilen guralan we progressiw pikirleri öňe sürmek hem milletara gepleşikleri ösdürmek üçin ajaýyp ýerlik bolan bu giň gerimli çärä GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem görnükli ylym-bilim we döredijilik wekilleri gatnaşýarlar.

Biziň ýurdumyz, bitarap statusy sebäpli, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň utgaşyk agzasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde konstruktiw gepleşikleri hemişe goldaýar we gatnaşyklaryny hoşniýetliligiň hem taryh boýunça emele gelen dostluk däpleriniň, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmagyň, deňhukukly açyk gepleşik we özara peýdaly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan döwletara gatnaşyklarynda möhüm gural hasaplanýan we doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde hiç bir mehanizmiň taý gelmejek medeni diplomatiýany-da işjeň ösdürýär.

Iki günüň dowamynda «2023-nji ýyl: GDA-da milletara gatnaşyk dili hökmünde rus diliniň ýyly», «GDA ýurtlarynyň medeniýetleriniň gepleşikleriniň ösüşi», «Arkalaşygyň ylmy we bilim giňişligi», «Arkalaşygyň ýurtlarynyň meýletinçilik başlangyçlarynda ýaşlar», «Çingiz Aýtmatow we döwrebaplyk» ýaly mowzuklar boýunça çekişmeler, şeýle hem birnäçe medeni çäreler geçiriler.