Ï Raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ileri tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ileri tutulýar

view-icon 2953

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň notarial edaralarynyň işgärleri köplenç ýerlerde raýatlaryň kanuny taýdan maslahat zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, ähli derejedäki işgärler dürli söhbetdeşlikler arkaly ilat bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýarlar.

Olara maslahat beriş duşuşyklarynyň, zähmet toparlarynda düşündiriş işleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp düşündiriş, wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi degişlidir.

Notariuslara bildirilýän şeýle talaplar «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenildi. Kanunyň 24-nji maddasyna laýyklykda, notariuslar şahsyýetlere we edara görnüşli taraplara öz hukuklaryny amala aşyrmakda we kanuny bähbitleri goramakda ýardam bermäge we olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge borçludyrlar.

Olar, köp halatda, ilat bilen duşuşanlarynda mirasa degişli meseleleri düşündirmeli bolýarlar. Şeýle duşuşyklarda kämahal garaşylmadyk we bulaşyk ýagdaýlar ýüze çykýar.    Iň soňky çözgüdi çykarmazdan ilki we gol hem-de möhür goýulmazdan ozal, her pursatda indiki işiň aýratyn taraplaryny öwrenmelidir.

Şeýle ýagdaýlarda notariuslar döwletiň adyndan notarius resminamalaryny ýerine ýetirýändikleri sebäpli goşmaça jogapkärçiligi çekýärler. Bu ýerde haýsydyr bir ýalňyşlyklar ýa-da säwlikler bolmaly däldir.

Şeýle çäreleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň zähmet toparlary bilen geçirilýän ýygnaklary belläp geçmek bolýar. Ýygnaklarda bilim, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmak, gadagan maddalary ulanmak we beýleki meseleler barada dürli soraglara jogap berilýär. 

Şeýle ýagdaýlarda notariuslaryň we ygtyýarly işgärleriň ýokarda ady agzalan Kanunyň 67-nji maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, degişli prokurora kepillendiriş resminamalaryny ýerine ýetirenlerinde raýatlar ýa-da aýry-aýry wezipeli adamlar tarapyndan kanunlaryň bozulandygyny habar bermelidigini ýatladýarys.

Bulardan başga-da, notariuslar we wezipeli adamlar degişli döwlet edarasyna jenaýat ýoly bilen alnan girdejileriň legallaşdyrylmagyny şertlendirilýän geleşikler we amallar barada maglumat berýärler.

Notarius işgärleri, raýatlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özüni alyp barmagyň kadalaryna laýyk gelmegi, şeýle hem şahsy hukuklar we azatlyklar bilen baglanyşykly möhüm hasaba alyş resminamalaryny ýerine ýetirenlerinde talaplaryny ýatdan çykarmaýarlar.

Ilat bilen şeýle gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bolsa hemmeler üçin bähbitli bolup, notariatlaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ýardam edýär.