Ï Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 7237

Ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanýan berkarar Watanymyz Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir guwandyryjy wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň we bagtyýar durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, dost-doganlyk, parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen halkara derejesinde uly abraý gazanýar.

Garaşsyz Watanymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünliklerde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi gadymdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işlere we giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.

Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigi hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigi nazara alnyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedowa,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm redaktory Gurbannazar Arazgulyýewe,

«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Orazowa,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Rysgally obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýgeldi Akyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Işanguly Gulyýewe,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Annamyrat Ahun» dini guramasynyň baş ymamy Orazmyrat Annanepesowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Yhlas ýoly» hojalyk jemgyýetiniň sakçysy Nyýazmuhammet Rejepowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Annapolat Orazowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Bossan geňeşliginiň Helleň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Reýmbaý Ýolliýewe,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Sazakly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gutly Ballyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Arazmyradowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Mamatkuly Azymowa,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hemraguly Agalyýewe,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň Mekan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazarkul Şalyýewe,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýewe,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Geldimyrat Myradowiç Aşyrowa,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumanazar Sapbyýewiç Jumamyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry.