Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 4924
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyklykda, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak esasynda amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şeýle hem halkara düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Hususan-da, Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, BAE-niň “Hidaýah” halkara merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly sebitleýin taslama boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça geçiren iş duşuşygyna we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin strategik meýilleşdiriş we baha beriş bilen bagly guran okuw maslahatyna, Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň maksatlaryny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny köpçülige düşündirmek boýunça dürli çärelerde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyryp, ösüşlerimize itergi bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bu ulgamda degişli işleri ygtyýarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan çäreler, hususan-da, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak babatda ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bank işini hem-de gymmat bahaly metallar, daşlar bilen baglanyşykly işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça çäreleri görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konserniň garamagyndaky kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak we ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri çykarmak, olary dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykaryş ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň, maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, ýer we suw serişdelerini netijeli, rejeli ulanmak arkaly ýokary hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şu günler sebitleriň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşalýar we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Häzirki wagta çenli şalynyň 72 müň 246 tonnasy ýygnaldy, hasyly saklamak we arassalamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar, ýygnalan hasyly saklamak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, işiň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi has-da ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň meýilleşdirilen gurluşygy babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini üpjün etmek barada edýän uly aladalary, täze toplumyň gurluşygy bilen bagly başlangyjy, onuň ýerleşjek ýerini kesgitläp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze, döwrebap Çagalar we ýetginjekler merkeziniň şekil taslamasyny hödürläp, taslamada çagalar üçin sport we oýun meýdançalarynyň, medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalaryň, amfiteatryň, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdançanyň we beýleki desgalaryň, şol sanda tehniki, hojalyk desgalarynyň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanydygyny nygtady. Ýaşlarymyzyň wagtlaryny gyzykly we döredijilikli geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen, paýtagtymyzda guruljak «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi hem bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny baýlaşdyrmakda, zehinlerini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere döwrebap merkezi gurmak boýunça halkara bäsleşigiň netijeli geçmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 28 — 30-njy noýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişe azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşar. Olar tehnologik enjamlaryny, gaplama serişdelerini, bagçylyk, guşçulyk, maldarçylyk, tohumçylyk we beýleki ugurlarda ylmyň gazananlaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny görkezerler. Serginiň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlise, esasan, nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalar gatnaşar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Azerbaýjanyň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna akademiýanyň täze binalar toplumynda professor-mugallymlar, diňleýjiler hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertlere laýyklykda, okuw we edara ediş işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň talyplarynyň Polşa Respublikasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasyna gatnaşmagynyň netijeleri, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek halkara olimpiadalara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Polşa Respublikasynda geçirilen bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si bu halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp bolup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterdiler.

Halkara olimpiadalary, ylmy we döredijilik bäsleşiklerini ýokary derejede geçirip, dünýäniň öňdebaryjy bilim-ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça gazanylan tejribelerden ugur alyp, şeýle hem döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda bellenen wezipelere laýyklykda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II halkara internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III açyk halkara fizika dersi boýunça internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirmek hem-de oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen olimpiadalaryň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly ýaşlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň köp sanly halkara olimpiadalara gatnaşyp, dürli baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän halkara olimpiadalaryň wajypdygyny belläp, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, daşary işler ministri Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul edip we mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap: “Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris” diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz ÝUNESKO-nyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisini geçirmek meselesi boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, EYR bilen däp bolan dostlukly we köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu maksatlar bilen, 17-18-nji noýabrda ýokarda agzalan toparyň 17-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirildi. Onuň gün tertibine gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmäge, söwda-ykdysady, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, oba we suw hojalygynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler. Maýa goýumlar, işewür düzümleriň ugry boýunça, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa babatda we beýleki wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gün tertibine ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň çäklerinde eýranly kärdeşler bilen hyzmatdaşlygyň degişli ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Mejlisiň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär, mundan başga-da, 18-nji noýabrda Türkmen-eýran işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. EYR-nyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleriniň, hususan-da, howanyň üýtgemegine degişli meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maksadalaýyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Garaşylyşy ýaly, ýokarda agzalan maslahat abraýly halkara guramalaryň we dünýä ýurtlarynyň köp sanly wekiliýetlerini birleşdirer. 1-2-nji dekabrda döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “COP-28” maslahatynyň utgaşykly mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň işi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek we bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Plenar mejlisler bilen birlikde, howa meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. “COP-28” maslahatynyň netijeleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegine garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamalary öwrenmek we seljermek, şeýle hem Türkmenistanyň olara goşulmagy baradaky meselä garamak teklip edilýär.

Mundan başga-da, “COP-28” maslahatyna ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň gatnaşmagy, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň 26 — 28-nji noýabrda Dubaý şäherinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça geçiriljek Ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Bu Konwensiýa gatnaşýan taraplaryň (COP-28) maslahatynyň 28-nji mejlisine gatnaşmaga düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Bütindünýä durnukly ulag güni” Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli, şu ýylyň 26-njy noýabrynda meýilleşdirilen “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini, bu babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ulag we üstaşyr geçirmek boýunça meseleleri, hususan-da, iki ýurduň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly milli ulag düzümleriniň kuwwatlyklaryny ulanmak, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ylalaşmak we durmuşa geçirmek, logistik merkezleri ösdürmek, daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň ornuna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu düzümiň wekilleriniň iş duşuşygyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.