Ï Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

view-icon 2451
Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň muzeýleri geçmişiň we häzirki döwrüň milli medeni gymmatlyklarynyň ammary hökmünde olary halkyň, esasanam, ýaş nesliň arasynda tanatmak boýunça köp iş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän şu ýylda milli medeni mirasyň çeper söz ussady, halkynyň röwşen geljegini öňünden gören akyldar, nusgawy şahyr Magtymgulynyň döredijiligi ýaly uly ähmiýete eýe bölegine aýratyn üns berilýär.

Ýakynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde döredijilik işgärleriniň talyplar bilen geçiren duşuşygyna gatnaşanlar türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryny, arzuwlaryny we isleglerini özünde jemleýän nusgawy edebiýaty esaslandyran şahsyň eserleriniň çuňlugy we ähmiýeti barada gürrüň etdiler. «Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry» mowzugyndaky döredijilik duşuşygynyň älem ýaly giň manysyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranturasynyň baş hünärmeni Muhammet Jemilow, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri Güljemal Gummanowa, Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýew we Atajan Berdiýew, şeýle hem muzeý bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa dagy açyp görkezdiler.