Ï «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

view-icon 2336
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi we Türkmenbaşy şäher polisiýa bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Çärä «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň gözegçiligindäki gurluşlaryň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler iş we köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň umumy düzgünleri hem-de Türkmenistanyň kanunlarynyň berjaý edilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda her bir raýatyň täze, döwrebap, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalarda zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.