Ï «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ussatlyk sapagyny gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ussatlyk sapagyny gurady

view-icon 1279
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy  ussatlyk sapagyny gurady

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň  wekilleri  ýörite  ýaş ekologlar we tebigaty söýýän çagalar üçin sungatyň «treş-art»  atly täze ussatlyk sapagyny döretdiler.

Bu ýörelgä eýerýän suratkeşler esasan kagyz, sintetiki we ş.m.  önümçilik galyndylaryny  ulanyp, haýran galdyryjy sungat eserlerini döredýärler.

Sapagyň dowamynda çagalar galyndylary aýry-aýry ýygnamagyň nämedigini, onuň daşky gurşawy goramaga  kömegi we galyndylary nähili ulanyp boljakdygy barada düşünje alýarlar. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar  garaşylmadyk zatlary ulanyp, treş-art sungaty usulynda surat döretmäge mümkinçilik alýarlar.

Çagalar öz elleri bilen ýasan zatlaryny sapakdan soň ýany bilen äkidip bilýärler.