Ï Lebaply pileçiler arzyly pellehanada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply pileçiler arzyly pellehanada

view-icon 2564
Lebaply pileçiler arzyly pellehanada

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri üstümizdäki ýylda Watan harmanyna meýilnamada görkezilen bir müň 10 tonna derek bir müň 29 tonna pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler.

Ýetilen belent sepgit welaýatda möwsüme ykjam taýýarlykly gelnip, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekde agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilendiginiň, bu jogapkärli işe tejribeli pileçi-kärendeçileriň saýlanyp alnandygynyň, şeýle hem «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň yzygiderli aladalarynyň guwandyryjy netijeleridir.

Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 22 müň 300-den gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 27 müň 650 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi. Welaýat boýunça ýokary zähmet üstünliginiň gazanylmagynda sebitde ilkinjiler bolup döwlet meýilnamasyny artygy bilen amal eden Kerki, Halaç, Çärjew, Dänew, Saýat, Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileriniň uly paýynyň bardygyny, bu etraplaryň döwlete pile tabşyrmak boýunça ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerini, muňa garamazdan, häzirki wagtda hem bu ýerlerde döwlete pile tabşyrmagyň dowam edýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Möwsümde, esasan-da ýyllyk meýilnamalaryny irki möhletde ýerine ýetirip, häzirki wagtda 106,71 göterim amal eden Kerki, 104,10 göterim ýerine ýetiren Halaç, degişlilikde 103,68 we 102,29 göterim berjaý eden Çärjew we Dänew etraplarynyň pileçi-kärendeçileriniň, şertnamalaýyn borçnamalaryny 100 göterimden aşyryp amal eden Saýat we Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileriniň yhlasly zähmetleri bellenilmäge mynasypdyr. Welaýatda ýüpek gurçugynyň daşary ýurtdan getirilen görnüşleri bilen birlikde «Lebap-1», «Lebap-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2», «Türkmen» we «Ak pile» ýaly görnüşleri idedilip, garaşylan pile önümi öndürildi. Bu bolsa, pudakda ýüpek gurçugynyň has köp önüm berýän görnüşlerini gözlemek boýunça synag işleriniň üstünlikli dowam edýändigini, onuň hem gowy netijelere eýe bolýandygyny görkezýär.

Welaýatyň ähli etraplarynda her gap gurçuk tohumyndan alynýan piläniň ortaça mukdarynyň ýokary bolmaklygy, şeýle netijäniň ýylyň-ýylyna gazanylmagy bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.