Ï Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy

view-icon 2730
Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak boýunça utgaşykly görnüşde iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çagyrylanlaryň hatarynda halkara bilermenler Daýnýus Radzýawiçýus we Žiwile Nawiskaýte-Babkin (Litwa) boldy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady oňa gatnaşyjylary döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşdyrmakdan hem-de olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermekden ybarat boldy.

Onlaýn-aragatnaşyk arkaly okuw maslahata goşulan halkara bilermen Žiwile Nawiskaýte-Babkiniň ugurdaş mazmunly synlary strategik aragatnaşyklar we gündelik maglumatlar bilen üpjün etmekde metbugat gulluklarynyň eýeleýän orny, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar hem-de beýlekiler barada boldy.

Zerur maglumatlara bolan islegiň hem-de olary dolandyrmagyň metbugat gulluklaryny döretmegiň zerurlygyny kesgitländigi, şol gulluklaryň esasy wezipeleriniň KHBS-i bilen gatnaşyk saklamagyndan hem-de ýolbaşçylaryň degişli maglumatlar bilen üpjün etmeginden ybarat bolýandygy nygtaldy. Metbugat gullugyň döwlet häkimiýet edaralarynda, telekeçilik düzümlerde we jemgyýetçilik guramalarda dolandyryşyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyna üns çekildi.

Okuw maslahatyna gatnaşan litwaly bilermen Daýnýus Radzýawiçýus köpçülikleýin çykyşlaryň inçe taraplary, aragatnaşykdaky meseleler hem-de olaryň çözülişi barada gürrüň berdi. Ol aragatnaşykdaky mümkinçilikleriň diňe maglumatlary alyp bolýan netijeli çeşmeleriň bolmagynda däl-de, eýsem, ilat bilen gatnaşykda bolmak, öz çözgütleriňi jemgyýetçilige düşündirip bilmek, durmuş derejesi dürli gatlakdaky adamlaryň toparynyň pikirlerini, olaryň tekliplerini we tankytlaryny göz öňünde tutmak başarnygynda jemlenýändigini belledi.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň ulanýan tehnologiýalary, ilkinji nobatda, şol gatnaşyklaryň sowatly hem-de netijeli işlemegine gönükdirilendir, bu bolsa, gürrüňsiz suratda, işgärlerden ýokary hünär derejeli başarnyklary talap edýär.

Çärä gatnaşyjylar halkara bilermenleriň hödürlemeginde dürli ýurtlaryň žurnalistleri bilen geçirilen gysgaça interwýular arkaly häzirki zaman KHBS-niň zerurlyklary we gyzyklanmalaryň utgaşmagy baradaky meselelere garadylar. Olar özara pikir alyşdylar, bilimlerini paýlaşdylar, toparlarda işlemek hem-de dürli ýagdaýlary anyk mysal getirmek bolsa okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň özleşdiren okuwlaryny berkitmäge kömek etdi.

Okuw maslahatyň işiniň netijeliligini hem-de milli KHBS-niň işgärleriniň hünär derejelerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünligini belläp, çärä gatnaşyjylar abraýly halkara düzümler, şol sanda ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek barada pikirlerini beýan etdiler.