Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý

view-icon 2860
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz dünýä we rus edebiýatynyň nusgawy wekili, dünýäde iň okalýan ýazyjylaryň biri Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý barada.

Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1821-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Moskwada dünýä inýär. 1834-nji ýylyň sentýabrynda Fýodor hem-de onuň dogany Mihail Moskwadaky iň gowy hususy okuw mekdepleriň biri hasaplanan Basman köçesindäki Çermagyň Pansionyna okuwa girýärler.

Okuwda gün tertibi örän berk bolupdyr, okuwçylar diňe dynç günlerinde öýlerine barypdyrlar. Fýodor agras oglanjyk bolupdyr. Ol oýnamak bilen kän meşgullanman, hemişe kitap okapdyr, boş wagtlary bolsa uly ýaşlylar bilen wagtyny geçiripdir. Ol Gomeriň, Balzagyň, Gýugonyň, Gýotäniň, Gofmanyň, Şilleriň, Şekspiriň, Baýronyň, Lermontowyň, Gogolyň, Puşkiniň kitaplaryny okamak bilen gyzyklanypdyr.

Dostoýewskileriň öýlerindäki däpler Fýodoryň oý-hyýallarynyň hem-de bilesigelijiliginiň ösmegine ýardam edipdir. Soňra öz ýatlamalarynda ýazyjy ata-enesini «iň oňat öňdebaryjy adamlar» diýip atlandyrýar. Maşgalalarynda agşamlaryna myhmanhana otagynda Karamziniň, Žukowskiniň, Puşkiniň kitaplaryny sesli okapdyrlar.

1843-nji ýylda Dostoýewskiý harby inžener-tehniki uniwersitetinde meýdan inžener-serkerdesi bolup işläp başlaýar, ýöne bir ýyldan soň özüni tutuşlaýyn edebiýata bagyş etmek maksady bilen uniwersitetiň hataryndan çykýar hem-de poruçik çininde ätiýaja çykýar.

Heniz okap ýören wagty Dostoýewskiý «Mariýa Stýuart» we «Boris Godunow» atly dramalarynyň üstünde işleýär.

1857-nji ýylyň 6-njy fewralynda Dostoýewskiý Kuznesk şäherindäki rus prawoslaw buthanasynda Mariýa Isaýewa bilen nikalaşýar. Şol wagt hem ol «Wremýa» hem-de «Epoha» žurnallary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, publisistik işleriniň başyny başlaýar.

1862-nji ýylyň tomsunda Dostoýewskiý ilkinji gezek daşary ýurda gidýär. Ilki Germaniýada soňra, Fransiýada, Angliýada, Şweýsariýada, Italiýada we Awstriýada bolýar.

Ýazyjynyň «Jansyz öýden hatlar» diýen powesti ýaly irki eserleri psihologik proza žanrynyň ýüze çykmagyna ýardam etdi.

«Jenaýat we jeza», «Akmak», «Arwahlar», «Ýetginjek» atly romanlary ýazyjynyň has ähmiýetli eserlerine degişlidir. «Doganlar Karamazowlar» atly romany çapdan çykanyndan soň, ýazyjynyň ömürlik şöhraty iň ýokary derejä ýetýär.

Ýazyjynyň ençeme meşhur eserleri kino düşürildi hem-de teatrlarda sahnalaşdyryldy. Ýazyjynyň döredijiligi dünýä edebiýatyna, hususan-da, edebiýat boýunça Nobel baýraklarynyň eýeleriniň birnäçesiniň, filosoflar Fridrih Nisşäniň we Žan-Pol Sartryň döredijiligine täsirini ýetirdi.

Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1881-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda aradan çykýar. Beýik ýazyjy Dostoýewskiý bilen hoşlaşmaga gelen halk köpçüliginiň aglaba bölegi ýaşlar bolupdyr.

Dostoýewskiniň edebi mirasy baradaky, onuň ömri we döredijiligi baradaky makalalar hem-de terjimeler Türkmenistanyň gazetlerinde we žurnallarynda yzygiderli neşir edilýär.

Onuň hormatyna oturdylan ýadygärlikler, onuň adyny göterýän köçeler, seýilgähler, meýdançalar hem-de okuw mekdepleri köp.